Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1327851
Daşary ýurt metbugatyna syn

Katarda çap edilýän “Al Raýa Al Katariýa” gazeti, Siriýanyň hökümetiniň guraýan hüjümleriniň onlarça adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna sebäp bolandygyny ýazýar.

Saud Arabystanynda iňlis dilinde çap edilýän “Alşarg Alawsat” gazeti, Yragyň Prezidenti Salihiň wezipesinden çekilmäge taýardygyny habar berýär.

“Doçe Welle” Ymamlaryň nemes dilini öwrenmekleri üçin şert goýlandygyny nygtaýar.

“Handelsblatt.com” Germaniýada öndürlen ulaglaryň sanynyň soňky 22 ýylyň iň pes derejesine çenli aşakladygyna ünsi çekýär. Hünärmenlere görä, ABŞ-nyň başladan söwda söweşleri ulag önümçiligiň aşaklamagyna sebäp boldy.

“Fokus.de” ABŞ-nyň “Demirgazyk Akym 2” taslamasy sebäpli goýan sanksiýasyna nemes hökümetiniň reaksiýa bildirendigini belleýär.

Ispaniýada çap edilýän “El Mundo” gazeti, Ýewropa Komissiýasynda, Ýewropa Geňeşinde we Ýewropa Parlamentinde Ispaniýa wekilçilik edýän halk deputatlarynyň sanynyň azalýandygy sebäpli, Pedro Sançes hökümetiniň hem ÝB-de täsirini ýitirýändigine ünsi çekýär.

“Frans 24” Fransiýadaky iş taşlaýyşlaryň gündelik durmuşa ýaramaz täsirini ýetirmäge dowam edýändigini mälim edýär.

“Izwestiýa” gazeti, Şwesiýaly Allseas firmasynyn “Demirgazyk Akym 2” turba geçiriji taslamasynyň gurluşyk işlerine gatnaşýan ähli gämilerini Baltika deňizinden çykarandygyny habar berýär.

“RIA Nowosti” gazeti, birnäçe ýurduň dollaryň hümmetiniň ýokarlamagy sebäpli “altyn galkanyny” ýagny töleglerde altynyň ulanylmagyny teklip edendigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“TASS” 2040-njy ýylda Russiýanyň uçarmansyz strategik bombardyman uçarlaryna eýe bojakdygyny habar berýär.



Degişli Habarlar