Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1318860
Daşary ýurt metbugatyna syn

zeit.de: Erdogan aýan etdi: “Siriýa maslahaty Ýewropalylar bilen” diýip belledi.

zdf.de: Welaýatlar klimat bilen baglanşykly maksatnama üçin basyş edýärler.

Deutsche Welle: Germaniýanyň Içeri işler ministrligi: “Jenaýat eden siriýalylar ýurtdan çykarylsyn” diýip nygtady.

Katarda çap edilýän Al Raýa Al Katariýa gazedi: Ysraýylyň Iýerusalimde 165 öýi ýer bilen ýegsan edendigini habar berýär.

Saud Arabystanynyň we Britaniýanyň bilelikde taýarlaýan Alşark Alawsat gazedi: ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň, Eýranyň demonstrasiýalary ýatyrmak üçin ulanan usulyny elhenç we wagşyçylyk hökmünde häsýetlendirendigini aýan edýär.

Omanda çap edilýän Watan gazedi: Palestina: “Ysraýylyň täze ýaşaýyş ýerlerini gurmagy bilen bagly syýasatyny dowam etdirmegi, parahatçylygyň üpjün edilmegine päsgel berer”  diýip belledi.

Le Monde: Fransiýada pensiýa reformasyna garşy iş taşlaýyşlar: 5-nji dekabrdaky üstünliklerinden soň, kärdeşler arkalaşyklary mundan soň näme etjekdikleri barada pikir edýändiklerini beýan edýär.

Le Parisien: PSŽ-Galatasaraý duşuşygy: Petek satuwlarynda iň ýokary derejede howpsyzlyk çäreleri görülýär.

Le Figaro: Ýewropa ýurtlary, Eýrany ýadro boýegolowkaly ballistik raketalary özgertmek bilen aýyplaýar.

Ispaniýada çap edilýän El Mundo gazedi: Ispaniýanyň Şasy, ýurdyň Premýer ministri Pedro Sançeze, öňümizdäki hepdäniň çarşenbe güni Ministrler kabinetiniň agzalaryny kesgitlemek bilen wezipelendirjekdigini habar berýär.

Ispaniýada çap edilýän El País gazedi: Maurisio Makriniň Argentinanyň Prezident wezipesi bilen gowy niýetler bilen wadalaşandygyny mälim edýär.

Çilide çap edilýän La Tersera gazedi: Çiliniň Merkezi bankynyň işsizligiň 2020-nji ýylyň başynda 10 göterimden gowrak boljakdygyny çak edýär we kärhanalaryň ýarsyndan gowragynyň işgärlerini işlerinden çykarjakdygyny pikir edýär.

Russiýanyň Westi gazedi: ABŞ-nyň Prezidenti rus diplomatlara wiza berilmezligi bilen bagly dowam edýän skandal bilen gyzyklanjakdygy barada söz berdi.

Russiýanyň Kommersant gazedi: ABŞ-nyň ozalky ilçisi Jon Hantsman, Russiýanyň ABŞ-de 2020-nji ýylda geçiriljek Prezident saýlawlaryna täsir ýetirip biljekdigini pikir edýär.

Russiýanyň Tass habarlar agentligi: Russiýanyň Transneft kärhanasy Ukrainanyň üstaşyr 2030-njy ýyla çenli nebit akdyrylmagy üçin 106,7 milliard rubl tölär.



Degişli Habarlar