Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1267396
Daşary ýurt metbugatyna syn

 

Saud Arabystanynda iňlis dilinde çap edilýän Alşarg Alawsat gazeti, Arap ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň “Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahunyň beýanatlaryny “Halkara hukuga äsgermezçilik etmek” hökmünde häsiýetlendirendigini ýazýar.

Katarda çap edilýän Al Raýa Al Katariýa gazeti, Arap ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň, Ysraýylyň Premýer ministri Netanýahunyň, Günbatar Şerianyň käbir ýerlerini basyp almak hakyndaky beýanatyny ýazgarandyklaryny belleýär

Liwanda çap edilýän Al Mustakbal gazeti, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeonyň “Prezident Tramp, Eýranyň Prezidenti Ruhani bilen şertsiz duşuşmaga taýar” diýen sözlerine ýer berýär

Ispaniýada çap edilýän La Wanguardia gazeti, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň, Ak Tamyň Milli howpsyzlyk boýunça kömekçisi Jon Boltony wezipesinden boşadandygyny okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

Kolumbiýada çap edilýän El Heraldy gazeti, Wenesuelanyň “Özbaşdaklyk we parahatçylyk” atly harby türgenleşik üçin Kolumbiýa serhedine 150 müň esger ornaşdyrandygyny habar berýär

Argentinanyň İnfobae habarlar gullugy, Kolumbiýanyň Wenesuelanyň hökümetiniň serhetde geçirjek harby türgenleşigi sebäpli “adatdan daşary ýagdaý” yglan edendgini mälim edýär

Doçe Welle: Germaniýadanyň Saud Arabystany bilen ýaňadandan howpsyzlyk taýdan hyzmatdaşlyk etmäge başlajakdygyny we Saud Arabystanynyň howpsyzlyk güýçlerine harby tälim bermegi üçin ýörite hünärmen toparyny ugratjakdygyny, oppozisiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň bolsa karara garşydygyny aýan edýär

Kommersant gazeti, Ukrainanyžň Russiýa bilen baglaşylan şertnamalaryny saklandygyna ünsi çekýär.

Lenta ru: Ýewropa Komissiýasynyň täze başlygy Ursula Won Der Laýen, Ukraina bilen Gruziýanyň ÝB-ne utgaşyklyk etabynyň depgininiň güýçlendirilmegini isleýändigini ýazýar.

Fransiýada çap edilýän Le Figaro gazeti, ABŞ bilen Türkiýäniň Siriýada bilelikde operasiýa geçirýändigini habar berýär.

Frans 24; Ysraýylyň Premýer ministri Netanýahunyň saýlawlaryň geçirilmegine 1 hepde galanda Günbatar Şeriýanyň bir bölegini basyp almagy wada berendigini mälim edýär

 

 

 

 


Etiketkalar: #syn , #metbugat

Degişli Habarlar