Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1259866
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al Quds Al Arabi gazeti, ABŞ-da Respublikaçy halk deputatlarynyň İlhan Omary Amerikan kongresinden kowdurmaga synanşandygyny ýazýar.

Al Quds Al Arabi gazeti başga bir habarynda bolsa, Prezident R. T. Erdoganyň terrora garşy göreş bahanasy bilen Idlibde asuda ilatyň öldürilmeginiň kabul edilip bilinmejekdigine aýratyn ünsi çekendigini belleýär.

Birleşen Arap Emirliklerinde çap edilýän Al Khaleež gazeti, Saud Arabystanynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýemeniň howpsyzlygyna we durnuklylygyna goldaw berýändigini belleýär.

Wenesuelada çap edilýän Telesur gazeti, Meksika çenli baran Afrikaly migrantlaryň ABŞ-na tölegsiz geçmegi talap edýändigine ünsi çekýär.

Çilide çap edilýän La Tersera gazeti, Çiliniň Saglygy goraýyş ministrliginiň elektroniki çilimiň satuwy we ulanylmagy üçin kanun taslamasyny taýarlaýandygyny mälim edýär.

RIA Nowosti habarlar gullugy: Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Erdogan bilen Russiýa Federassiýasynyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Siriýa, uçarlar we kosmos hakynda pikir alyşandygyny habar berýär.

Obzor. Press internet saýty, Russiýanyň Britaniýadaky ilçisini yzyna çagyrandygyna ünsi çekýär.

Laýfe.ru: Russiýanyň Nowosibirsk şäherinde binanyň çökmegi sebäpli 12 işçiniň harabalygyň aşagynda galandygyny mälim edýär.

Le Monde gazeti Braziliýanyň daşarky kömekleri kabul etjekdigini nygtaýar.

Le Figaro gazeti, Içeri işler ministrliginiň öz janyna kast edýän polis gullukçylarynyň sanynyň gün saýyn köpelýändigi hakyndaky görkezijilerine ýer berýär.

Die Welt, Germaniýadaky durgunlygyň dowam edýändigini belleýär

DW bolsa ÝB-ne agza ýurtlaryň Demirgazyk Koreýa sanksiýa goýmak isleýändigini habar berýär.

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar