Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

Daşary ýurt metbugatyna syn

Liwanda çap edilýän  Al Haýat gazeti, resmi Ankaranyň terror guramasy ÝPG-goldaw bermekden ýüz öwürmegi barada Waşingtona çagyryş berendigini ýazýar.

Saud Arabystanynda iňlis dilinde çap edilýän Alşarg Alawsat gazeti, Saud Arabystanynyň 2,5 million hajyny garşylamaga taýardygyny mälim edýär

Katarda çap edilýän Al Raýa Al Katariýa gazeti, Ysraýylyň Demir Gupba ulgamynda işleýän 30 esgeriň rak keseline  ýolugandygyny okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

Fokus.de: Eýran krizisinde Ormus bogazynda iňlisleriň ABŞ-na goldaw berýändigini, Berliniň ÝB-nyň tutumyna oňyn garaýandygyny nygtaýar.

Muensterschezeitung.de: Çagalaryň oýun parkynda çilim çekmegiň gadagan edilmegi meselesinde Şwesiýadan görelde alynmalydygyna ünsi çekýär

Ispaniýada çap edilýän Halk partiýasy, Ispaniýanyň Premýer ministri Pedro Sançesten hökümeti gurmak üçin başga dalaşgäre mümkinçilik bermegini isleýändigini ýazýar.

Ispaniýada çap edilýän La Wanguardia gazeti, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň, Wenesuelanyň ABŞ-daky emlagyny saklandygyny nygtaýar.

Gazeta.ru habar saýty: NATO-nyň Baş sekretarynyň uly döwletleriň arasyndaky bäsleşik sebäpli Krymyň Russiýa tarapyndan anneksirlenendigine ünsi çekendigini belleýär

Izwestiýa gazeti, Russiýanyň Goranmak ministriniň orunbasarynyň, Açinskde harby birikmede bolan köp sanly adamyň başga ýere göçürilmegine sebäp bolan ýangyna we partlama ynsan faktorynyň sebäp bolandygyny öňe sürendigini nygtaýar.

Regnum habarlar gullugy, Halkara pul gaznasynyň nebitiň nyrhynyň aşaklamagynyň Russiýanyň ykdysadyýetiniň 2014-2018-nji ýyllaryň arasynda depgininiň 1,2 göterim gowşamagyna sebäp bolandygy hakyndaky beýanatyna ýer berýär.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar