Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giň seslenme döredýär

1240011
Daşary ýurt metbugatyna syn

Liwanda çap edilýän Al Haýat gazeti, Eýranyň ýüze çykyp biljek ähli şertlere garşy taýardygyny we Londonyň hem nebit tankerleriniň boşadylmagy bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny ýazýar.

Saud Arabystanynda iňlis dilinde çap edilýän Alşarg Alawsat gazeti, Amerikanyň ýaragly güýçleriniň garaşylmadyk ýagdaýda Yragyň günbatarynda ýerleşýän Al Rutba etrapçasyndan çekilmäge başlandygyny aýan edýär.

Saud Arabystanynda iňlis dilinde çap edilýän Al Ryýad gazeti, Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň, halkara jemgyýetçiliginiň Eýranyň aksiýalaryna garşy berk çäre görmelidigi hakyndaky sözlerine ýer berýär

Fransiýada çap edilýän Le Monde gazeti, duşenbe gününden başlap howanyň ýylylygynyň artjakdygyny ýazýar

Fransiýada çap edilýän Le Figaro gazeti bolsa Ormuz bogazynda London bilen Tahranyň arasyndaky dartgynlygyň möwjeýändigine ünsi çekýär

Ispaniýada çap edilýän El Pais gazeti, Ispaniýada täze hökümet üçin geçiriljek ynam sese goýulşygynyň öňüsyrasynda PSOE partiýasynyň Podemos partiýasy bilen ylalaşyk gazanylmagy üçin tagalla edýändigini nygtaýar

Meksikada çap edilýän El Uniwersal gazeti ABŞ-na görä, “Meksikanyň alyp barýan tutumy minrant akymynyň öňüni alýar” diýip ýazýar.

Germaniýanyň DW kanaly, Eýranyň ynkylap goragçylarynyň Ormuz bgazynda Britaniýa degişli nebit tankerini saklandygyny habar berýär.

Westi gazeti Ukrainanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň berýän maglumatyna görä, Ukrainada geçirlen iki saýlawda Prezident Zelenskiniň ýolbaşçylygyndaky Halkyň hyzmatkäri partiýasy öňde barýar.

Izwestiýa gazeti, Bütindünýä suw sportlary çempionadynyň Russiýanyň Kazan şäherinde geçiriljekdigini aýan edýär

TASS habarlar gullugy, Russiýanyň ter gök we miwe önümleriniň importyny berk gözegçilik astyna aljakdygyny mälim edýär.

 

 

 

 



Degişli Habarlar