Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

Daşary ýurt metbugatyna syn

 

ZDF.de: Germaniýanyň Daşary işler ministri Maasyň Tährada ýadro ylalaşygy meselesinde ylalaşyk gazanylyp bilinmändigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Deutsjhe Welle: DITIB-iň: Germaniýadaky musulmanlara garşy ýigrenjiň artmagyna alada bildirýändigini belleýär.

Saud Arabystanynda iňlis dilinde çap edilýän, Alşarg Alawsat gazeti, 2015-nji ýylda Zenanlar temaly konferensiýa gatnaşandan soň Eýranda saklanan liwanly işewür zenany Nezar Zekkanyň boşadylandygyny mälim edýär.

Katarda çap edilýän Al Raýa Al Katariýa gazeti, Saud Arabystanynyň, palestinalylary işledýän käbir ynsanlary tussag edendigini belleýär.

 Liwanda çap edilýän Al Haýat gazeti, Eýranyň Nýu Ýork Taýmes gazetiniň habarçysynyň ýurdunda iş alyp barmagyny gadagan edendigini nygtaýar.

Ispaniýada çap edilýän El Pais gazeti, ispan hökümetiniň ABŞ-nyň Rotadaky harby merkezindäki esgerleriniň sanynyň artdyrylmagyna rugsat berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Peruda çap edilýän El Komersio gazeti Dominik Respublikasyna dynç almaga giden Amerikaly syýahatçylaryň syrly ölümi hakyndaky habarynda soňky 1 ýylda Amerikaly 6 syýahatçynyň Dominikde ýogalandygyny belleýär.

Rus Ria Nowosti gullugy, Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jömert Tokaýewiň kasam edip wezipesine başlandygyny habar berýär

Rus TASS habarlar gullugy 12-nji iýunda rus  raýatlarynyň Russiýa gününi belläp geçýändigini mälim edýär.

Fransiýada çap edilýän Le Parisien gazetş Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň G-7 maslahatynyň öňüsyrasynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ýaňadandan  dinamizm emele getirmek isleýändigini belleýär.

Le Soir gazeti, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň, Meksika bilen gazanylan ylalaşygyň bir bölegini ýalňyşlyk bilen görkezendigini ýazýar.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar