Daşary ýurt metbugatya syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1204457
Daşary ýurt metbugatya syn

 

 

 

Liwanda çap edilýän Al Haýat gazeti, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň, “Eýran söweş islän halatynda bu onuň soňy bolar” diýen sözlerine ýer berýär

Saud Arabystanynda iňlis dilinde çap edilýän Alşarg Alawsat gazeti, Owganystanda iş alyp barýan Eýranly bankyň param puly aklandygy sebäpli ýapylandygyny ýazýar.

Katarda çap edilýän Al Raýa Al Katariýa gazeti, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Ýemeniň günortasyny aýyrmak baradaky meýilnamasynyň depginini güýçlendirendigini belleýär.

Welt, Germaniýanyň Daşary işler ministri Heiko Maasyň uçarda başdan geçirlen näsazlyk sebäpli Bolgariýadaky duşuşygyna gijä galandygyny habar berýär

Deutsche Welle; Türk raýatlary üçin Şengen ýurtlaryna syýahat etmegiň kynlaşandygyny aýan edýär.

Wenesuelada çap edilýän Telesur gazeti, Wenesuela bilen Russiýanyň OPEC-iň maslahatynda hyzmatdaşlyklaryny güýçlendirmek barada karar kabul edendigini belleýär

Kubada çap edilýän Granma gazeti, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, Kubanyň Prezidenti Mişel Diaz Janel bilen bolan duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar bilen Wenesuelada we sebitde başdan geçirilýän soňky wakalaryň ara alnyp maslahatlaşylandygyny okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

Rus TASS habarlar gullugy, BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň Ukrainada ukrain dilinin resmi dil hökmünde ulanylmagy baradaky kanunyň kabul edilmegi meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin gyssagly jemlenişjekdigini habar berýär.

Rus Izwestiýa gazeti, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň, Russiýa garşy berk tutum alyp barýandygyny mälim edýär

Rus Rambler habar saýty, Ukrainanyň häzirki Prezidenti Poroşenkonyň, şu gün täze Prezident Wladimir Zelenskiniň kasam edişlik dabarasyndan soň tussag edilip bilinjekdigini belleýär

 

 



Degişli Habarlar