Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1176233
Daşary ýurt metbugatyna syn

 

 

Germaniýanyň ARD kanaly “BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň döwürleýin ýolbaşçylygyny öz üstüne alan Germaniýanyň Daşary işler ministri Maas ýadro ýaraglarynyň sanynyň azaldylmagyny isleýär diýip” habar berýär

DW bolsa jenaýat etmekde Germaniýanyň dünýäniň yň ynamdar ýurtlaryndan biridigini mälim edýär.

Rus TASS gullugy, “NATO Ukraina degişli gämileriň Kerç bogazyndan howpsyz ýagdaýda geçmegini isleýär” diýip belleýär.

Rus Izwestiýa gazeti mart aýynda Ýewropadaky harby merkezlere ornaşdyrlan Amerikanyň B-52 bombardyman uçarlary, Russiýa garşy hyýaly ýadro hüjümini gurady” diýip ýazýar.

Rus Ria Nowosti gullugy, “Birnäçe gezek berlen duýduryşlardan soň ABŞ F-35 uçarlary meselesinde Türkiýe bilen edýän hyzmatdaşlygyny saklady” diýip habar berýär

Boliwýada çap edilýän La Razon gazeti Boliwýanyň Prezidenti Ewo Moralesiň 9-njy aprelde Türkiýä sapar gurajakdygyny we Prezident Erdogan bilen duşuşjakdygyny aýan edýär.

Wenesuelada çap edilýän Al Uniwersal gazeti, Wenesuelanyň Esaslandyryjy Mejlisiniň, özüni wagtlaýyn prezident yglan eden Milli Mejlisiň başlygy Huan Guaidonyň el degrilmesizligini aýyrandygyny habar berýär.

Ispaniýada çap edilýän Al Pais gazeti Braziliýanyň Prezidenti Bolsonaronyň Ysraýyl bilen Braziliýanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklarda täze hyzmatdaşlyk döwrüniň başlaýandygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Le Figaro gazeti, “Alžirde 20 ýyl soň alžirliler täze güne Buteflikýasyz başlady” diýip ýazýar

Frans 24, “Wenesuelanyň Esaslandyryjy Mejlisiniň, özüni wagtlaýyn prezident yglan eden Huan Guaidonyň el degrilmesizligini aýyrdy” diýip habar berýär.

Alşarg Alawsat: Resmi Waşingtonyň S-400 raketa goranyş ulgamlaryndan ýüz öwürmegi üçin Ankara basyş edýändigini ýazýar.

Katarda çap edilýän Al Raýa gazeti Şura Mejlisiniň başlygy bilen Türkiýäniň Katardaky ilçihanasynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin gepleşik geçirýändigini belleýär.

Alguds Alarabiş gazeti, Alžiriň Prezidenti Abdulaziz Buteflikaýanyň wezipesinden çekilendigini mälim edýär.

 



Degişli Habarlar