Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döreden habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

1175452
Daşary ýurt metbugatyna syn

 

Saud Arabystanynda iňlis dilinde çap edilýän Alşarg Alawsat gazeti, Yragyň Prezidenti Salihiň “Yrak goňşularyna zeper ýetirjek merkez bolmaz”diýen sözlerine ýer berýär.

Katarda çap edilýän Al Raýa Al Katariýa gazeti, “Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Bin Salman ýurdunyň täsiriniň azalmagyna we köp sanly duşman gazanmagyna sebäp boldy”diýýär.

Saud Arabystanynda iňlis dilinde çap edilýän Alşarg Alawsat gazeti, başga bir habarynda, Ysraýylyň Golan depelerinde uly ýaşaýyş merkezleriniň gurulmagy üçin uzak möhletli meýilnama taýarlandygyny habar berýär

Ispaniýada çap edilýän Al Pais gazeti, Ispaniýanyň Daşary işler ministri Hosep Borrell bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeonyň ABŞ-nyň Wenesuela goýan sanksiýasynyň Ispaniýa ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşandygyny mälim edýär.

Wenesuelada çap edilýän Telesur gazeti, Wenesuelanyň Ýokary kazyýetiniň, Huan Guaýdonyň el degrilmesizliginiň aýrylmagyny isländigine ünsi çekýär.

Wenesuelada çap edilýän El Nasional gazeti ABŞ-nyň Prezidentiniň howpsyzlyk boýunça kömekçisi Jon Boltonyň, Çawesiň tarapdarlarynyň ýekşenbe güni geçirlen ýörişlerde oppozisionerlere ot açylmagyny tankyt edendigini ýazýar.

Fransiýa çap edilýän Le Figaro gazeti Saud Arabystanynyň žurnalist Jemal Kaşykçy jenaýaty sebäpli Kaşykçynyň çagalaryna jerime töländigini habar berýär.

Fransiýada çap edilýän Liberation gazeti, “Alžirde Buteflika sahadan çekilýär”diýip ýazýar.

Fransiýada çap edilýän Le Prisien gazeti, Wenesuelanyň Ýokary kazyýetiniň, Huan Guaýdonyň el degrilmesizliginiň aýrylmagyny isländigini belleýär.

Germaniýanyň ARD ýaýlymy, Germaniýanyň BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň döwürleýin ýolbaşçylygyny öz üstüne alandygyny habar berýär.

Rus Izwestiýa gazeti, Ukrainada geçirlen prezident saýlawlarynda iň köp ses alan dalaşgärler Wladimir Zelensiý bilen Pýotr Poroşenkonyň saýlawyň 2-nji tapgyrynda bäsleşjekdigini aýan edýär.

Mail. Rus habar saýty, Russiýanyň Maliýe ministrliginiň Salgytlar kanunyna 5 täze maddanyň goşulmagynyň üstünde işleýändigini ýazýar.

TASS habarlar gullugy, Russiýa bilen Hytaýyň Amur derýasynyň üstünden geçjek we iki ýurdy birleşdirjek demir ýol köprüsüniň gurluşygyna badalga berendigini aýan edýär.



Degişli Habarlar