Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döreden habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

1172438
Daşary ýurt metbugatyna syn

 

Saud Arabystanynda iňlis dilinde çap edilýän Alşarg Alawsat gazeti, BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň Golan depeleri meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin nobatdan daşary ýagdaýda jemlenşendigini habar berýär.

Bahreýinde çap edilýän Ahbar Al Khaliž gazeti, “Facebook eýranlylara degişli ýüzlerçe galp salgyny öçürýär” diýip ýazýar.

Liwanda çap edilýän Al Mustakbal gazeti, “Ýewropa Bileleşigi “Golan depeleri Ysraýyla degişli däldir diýdi”diýýär.

Ispaniýada çap edilýän El Mundo gazeti, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Ak Tamda özüni Wenesuelanyň döwlet ýolbaşçysy yglan eden Guaýdonyň aýalyny kabul edendigini we kabul edilşikde Wenesuela “harby operasiýa guramak meselesi gün tertibinde” diýendigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

Meksikada çap edilýän Al Uniwersal gazeti, 30 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan ýol heläkçiliginden soň Guatemalada 3 günlük milli ýasyň yglan edilendigini habar berýär.

ARD BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde geçirlen Golan depeleri oturluşygynda ABŞ-nyň ýalňyz galandygyny mälim edýär.

Rus habar saýty Türkrus: ABŞ-nyň Prezident Donald Tramp “Rus esgeri Wenesueladan çykmaly”diýdi. Russiýa bolsa Trampa “Ilki Siriýadan sen çyk” diýip jogap berdi”diýýär.

Russiýanyň INTRFAX habarlar gullugy Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň resmi sapar bilen Gyrgys Respublikasyna gidendigini habar berýär.

Rus TASS habarlar gullugy bolsa Russiýanyň Energetika ministri Aleksander Nowagyň ýakynda Wenesuelaly kärdeşi bilen duşuşjakdygyny aýan edýär.

Le Monde gazeti, “BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde ABŞ Golan depeleri hakyndaky kararyna goldaw tapyp bilmedi we ýalňyz galdy” diýip ýazýar



Degişli Habarlar