Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döreden habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

1165513
Daşary ýurt metbugatyna syn

 

Saud Arabystanynda iňlis dilinde çap edilýän Alşarg Alawsat gazeti, Ýemeniň ösüşi üçin Kuweýdiň 5 şertnama baglaşandygyny habar berýär.

Liwanda çap edilýän Al Haýat gazeti, Yragyň-Siriýanyň we Eýranyň arasyndaky üç taraplaýyn howpsyzlyk maslahatynyň Damaskda geçirlendigini mälim edýär.

Katarda çap edilýän Al Raýa Al Katariýa gazeti “Dubai Ysraýylyň almaz söwdasynyň esasy merkezi” diýip ýazýar.

Frankfurtar Allgemien Saýtung gazeti Täze Zelandiýanyň Kraýstçerç şäherindäki hüjümden soň “hüjümçi öz-özümi aklaryn diýdi” diýýär.

Spiegel Online: “Boeing 737 Max-inženerleriň ýalňyşlygy-uçarmanlar nähili hereket etjekdiklerini bilmedi” diýip ýazýar.

Le Figaro (Fransiýa) “Sary ýeňsizliler hereketde: Hökümet ýene basyş astynda” diýip ýazýar.

Le Pais (Ispaniýa) “Ispaniýa 122 müň firmanyň işlerini jikme-jik seljerýär” diýip habar berýär.

Le Mundo (Ispaniýa) Şiliniň Prezidentiniň Sebastian Pineranyň “Diktator Nikolas Maduronyň sanlyja güni galdy” diýen sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

 Argentiýanyň Al Klarin gazeti “Täze Zelandiýanyň hökümeti metjide guralan hüjümlerden soň ýarag edinme kanunyna üýtgetme girizjekdigini mälim etdi”diýip ýazýar.

Rus habar saýty, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Krymda we Siwastopolda saparda boljakdygyny habar berýär.

Turkrus habar saýty; Türkiýe-Russiýa medeniýet ýylyna bagyşlanan çäreleriň Bolşoý teatrda 8-nji aprelde başlajakdygyny mälim edýär.



Degişli Habarlar