Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde seslenme döreden habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

1153420
Daşary ýurt metbugatyna syn

 

 Al Raýa Al Katariýa ( Katar ) “Halkara günä geçişlik guramasy; Kaşykçy jenaýaty, Saud Arabystanynyň eden jenaýatlarynyň görkezijisi diýdi” diýen beýanatyna ýer berýär.

Alsharg Alawsat (Saud Arabystany-Britaniýa) “Ýüzlerçe siriýaly DAİŞ-iň gözegçiligi astyndaky soňky etrapçadan çykdy, arazolakda çaknyşyklar dowam edýär” diýip ýazýar.

 Al Emarat Al Ýaum (Birleşen Arap Emirlikleri):  “Jawad Zarif, Eýranyň ynkylap goragçylarynyň basyşy sebäpli wezipesinden çekilmek isledi” diýip belleýär.

DW; “Ýemende nemes ýaraglary-Germaniýada öndürlen ýaraglar Ýemende esasy rol oýnaýar” diýip ýazýar

Le Mundo, (Ispaniýa) Wenesuela, BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde, Ýewropanyň “täze saýlaw” ultimatomyny kabul etmedi” diýýär.

Le Pais (Ispaniýa); ABŞ, BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde, Maduronyň asuda ýagdaýda wezipesinden çekilmegi üçin basyş edýär” diýip ýazýar

Le Uniwersal (Meksika) “Kino režizýor İnarritu Kan kino film festiwalynda emin agzalygyna saýlanan ilkinji meksikaly bolar” diýip belleýär

Le Monde (Fransiýa) “Makronyň Ýakyn gündogardaky oýuna dolanyp barmak üçin Yrak bilen baglanşykly synanşygy” diýýär

Le Figaro: (Fransiýa) “Amerika we Ýewropa Siriýany ykdysady taýdan bombalaýar” diýýär

Le Temps (Şweýsariýa)  “2018-nji ýylda Şweýsariýanyň ýarag eksporty 63 million frank artdy” diýip ýazýar.

Rus (Interfaks) gullugy Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, “Russiýa, ABŞ-nyň Wenesuela harby taýdan operasiýa guramak üçin gözleýän bahanalary bilen ýakyndan gyzyklanýar” diýen sözlerine ünsi çekýär.

Rus Lenta.ru.habar saýty: “Amerikanyň gizlin rawetka gullugynyň Russiýa garşy ilkinji kiber hüjümini gurandygy ýüze çykdy” diýip belleýär.

Rus (Izwestiýa) gazeti) Ýapon hökümeti Russiýanyň resmi wekiliýetiniň Kuril adalaryna guran saparyna garşylyk görkezendigini mälim edýär.



Degişli Habarlar