Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde seslenme döreden habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

1145919
Daşary ýurt metbugatyna syn

Le Pais (Ispaniýa) “Premýer ministr Pedro Sançez şu gün irki saýlawyň geçiriljek wagtyny kesgitlär” diýip ýazýar

La Wanguardia (Ispaniýa) Wenesuelanyň Kuba we Hytaý bilen baglanşan şertnamalaryna laýyklykda 933 tonnalyk kömegiň ýurda gelip gowşandygyny habar berýär.

Telesur ( Wenesuela) Wenesuelanyň Ýokary adalat kaziýetiniň Milli nebit firmasy PDWSA-nyň täze ýolbaşçy bellemek kararyny kabul etmändigini mälim edýär.

Alsharb Alawsat (Saud Arabystany-Britaniýa) ABŞ-nyň Wise-prezidenti Penni; Eýran, Ýakyn Gündogaryň parahatçylygy we howpsyzlygy üçin iň uly howp” diýen” sözlerine ýer berýär.

 Al Watan ( Kuweýt) Iordaniýada bolan iki partlamada 3 adamyň ýogalandygyny, 8 adamyň ýaralanandygyny mälim edýär

Al Haýat (Liwan) Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Bin Salmanyň Pakistany, Hindistany, Hytaýy, Malaýziýany we İndoneziýany öz içine alýan Aziýa ýurtlaryna sapar gurajakdygyny habar berýär.

Rus Izwestiýa gazeti, “Amerikan senagady Rus banklaryna goýulmagy ähtimal sanksiýalary ýumşatdy” diýip ýazýar.

Rus TASS habarlar gullugy Russiýanyň Saglygy goraýyş ministriniň ruslaryň spirtli içgi içmäni haçan goýjakdygy baradaky sözlerine ýer berýär

“Döwletiň jemgyýetiň saglygyny goramak baradaky meýilnamalary 3-5 ýylyň içinde netije berer. Ministre görä, ähli çäklendirmelere garamazdan ynsanlaryň spirtli içgä bolan islegi gutarýança hiç zat üýtgemez. Ol hem ynsanlaryň durmuş şertleri we geljege bolan garaýyşlary bilen arabaglanşykly”

ARD Sawe the Children habarnamasyna görä, dünýäde her 5 çagadan biri krizisleriň başdan geçirilýän sebitlerinde ýaşaýar

DW “Ýakyn Gündogar konferensiýa-Eýrana garşy täze hyzmatdaşlyklar”diýip belleýär

Le Temps (Şweýsariýa) Içerki uruşlaryň başdan geçirilýän ýurtlarynda, söweşijilerden köp çagalar ýogalýar” diýip ýazýar

Le Parisien ( Fransiýa) Fransiýada 14 syýasy partiýanyň ýehudi duşmançylygyna garşy çagyryş berendigini mälim edýär



Degişli Habarlar