Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giň seslenme döreden habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

1143412
Daşary ýurt metbugatyna syn

 

Al Haýat (Liwan) Soçi maslahatynyň öňüsyrasynda Russiýa bilen Türkiýe İdlibde howpsyz zolagyň döredilmegi meselesinde ylalaşdy”diýip ýazýar.

Al Raýa Al Katariýa (Katar) Bahreýiniň Daşary işler ministriniň, Kataryň Emiriniň Ysraýyl bilen edilýän gatnaşyklaryň ösdürilmegini isleýändigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Le Pais (Ispaniýa) “Howpsyzlyk güýçleri garaşsyzlygyň tarapdary Katalan liderler hakynda gozgalan kaziýet işiniň öňüsyrasynda, kaziýetiň öňünde garşydaş toparlaryň arasynda çaknyşygyň ýüze çykyp biljekdigi barada duýduryş berdi” diýýär

La Tersera ( Çili) Çiliniň 2018-nji ýylda mis önümçiliginde uly rekord goýandygyny we dünýäniň mis bazarynda ýaňadandan esasy orun eýeländigini habar berýär.

Le Uniwersal (Meksika) Ynsan söwdasy netijesinde Kanada-da “döwrebap gul” hökmünde saklanýan Meksikaly 43 adamyň boşadylandygyny aýan edýär.

Le Figaro (Fransiýa) 2018-nji ýylda Fransiýada ýehudilere garşy guralan hüjümleriň 74 göterim artandygyny ýazýar.

Le Parisien (Fransiýa) Mekdepler bilen arabaglanşykly kanun: Synyplarda Fransiýanyň we Ýewropanyň baýdaklarynyň asylmagyny göz öňünde tutýar” diýip ýazýar

Rus RIA Nowosti gullugy: “Russiýa bilen Türkiýe, İdlibde terror howpuna garşy göreşiň ähmiýetine ünsi çekdi. Russiýanyň we Türkiýäniň Goranmak ministrleri İdlibde ýaragsyz zolakda howpsyzlygyň üpjün edilmegi üçin degişli çäreleriň görülmelidigini mälim etdi” diýýär.

Rus Izwestiýa gazeti, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Himiki ýaraglaryň gadagan edilmegi guramasyndan yza çekilmek üçin heniz irdigini mälim edendigini nygtaýar.



Degişli Habarlar