Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde seslenme döreden habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

1142612
Daşary ýurt metbugatyna syn

Alsharb Alawsat ( Saud Arabystany-Britaniýa) Palestinaly Al Fetih; “Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Palestinanyň hukuklaryna sarpa goýmaýan şertnamany kabul etmeýändiklerini resmi Waşingtona bildirdi” diýýär.

 Al Raýa Al Katariý (Katar) “Eýran howpuna garşy Ysraýyl, Baherýin, Birleşen Arap Emirlikleri we Saud Arabystany gizlinlikde hyzmatdaşlyk edýär” diýýär.

Al Emarat Al Ýaum (Birleşen Arap Emirlikleri): Afrika ýurtlarynyň Ysraýyl bilen edýän gatnaşyklaryny çal depginde kadalaşdyrýandygyny ýazýar

Spiegel Online: Musulman Azlyk-Türkiýe, “Hytaýyň uýgurlara garşy alyp barýan syýasatyny tankyt etdi”diýýär.

Fokus Online: Türkiýede azyk terroryna garşy berk çäre görülýär; Erdogan gök we miwe önümleriniň halka amatly nyrhdan satylmagy barada görkezme berdi” diýip belleýär.

Le Mundo ( Ispaniýa) İspaniýada oppozisionerlerden müňlerçe adamyň irki saýlawyň geçirilmegi üçin ýöriş geçirendigini ýazýar.

Le Pais (Ispaniýa) “Trampa garşy Wenesuela, Kuba we Nikaragýa hyzmatdaşlygy” diýip belleýär

Klarin (Argentina) “Maduro Wenesuelada 15-nji fewrala çenli dowam etjek harby türgenleşige başlady” diýip ýazýar

Rus TASS habarlar gullugy: “Britaniýanyň Goranmak ministri Williamsonyň, Russiýa NATO agza ýurtlara garşy meçew beriji hereketleriniň jerimesini çekmeli” diýendigini habar berýär.

Rus Ria Nowosti gullugy: Russiýanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alekseý Ýerhowyň 2018-nji ýylda Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda mukdarynyň 25,4 milliarda ýetendigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Rus Izwestiýa gazeti “Sekret, Radar 2019” sowalnamasynyň görkezijilerine görä, Ýewropada haýsydyr bir söweşiň ýüze çykmagyndan esasan ruslar bilen ukrainler gorkýar” diýip ýazýar.

Le Mondo (Fransiýa) Fransiýa bilen Italiýanyň arasyndaky dartgynlygyň ýaňadandan möwjändigini mälim edýär.



Degişli Habarlar