Daşary ýurt metbugatyn syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde seslenme döreden habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

1138921
Daşary ýurt metbugatyn syn

 

Alsharg Alawsat (Saud Arabystany) Asly palestinaly Nejip Abu Keýle Kattanyň Salwadoryň täze prezidenti bolandygyny ýazýar.

Al Emaret Al Ýaum ( Birleşen Arap Emirlikleri) Birleşen Arap Emirlikleriniň Döwlet baştutanynyň iki orunbasarynyň Dubainiň Emiri bilen Abu Dabiniň Emiriniň ýurtda saparda bolýan Papa bilen duşuşandyklaryny habar berýär.

Al Haýat ( Liwan) Müsürde konstitutsiýa girizilen üýtgetmäniň Goranmak ministriniň çalyşmagyny hem öz içine alýandygyny nygtaýar.

Le Monde (Ispaniýa) Ýewropanyň Guaide berýän goldawy Madurony diplomiýa taýdan çykgynsyz ýagdaýa getirendigini belleýär.

Le Parizen (Ispaniýa) Wenesuelada oppozisianyň ABŞ-nyň we Kolumbiýanyň hökümetleriniň goldaw bermeginde ýaragly güýçleri bölmek isleýändigini öňe sürýär.

Le Jlaryn (Argentina) Özüni wagtlaýyn prezident yglan eden Huan Guaidonyň ynsanperwer kömeginiň ýurda girmegine rugsat berilmegi üçin ýöriş geçirjekdikleri hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Rus TASS habarlar gullugy Ukrainanyň Prezidenti Petro Poroşenkonyň Ýewropda Howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň rus wekilleriniň Ukrainda geçiriljek saýlawlara synçy hökmünde gatnaşmaklaryny kabul etmejekdikleri hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Rus Ria Nowosti habarlar gullugy ABŞ-nyň Russiýany Bütindünýä söwda guramasynyň kadalaryna laýyklykda hereket etmezlikde günäkärländigini habar berýär.

Rus Izwestiýa gazeti Siriýa bilen arabaglanşykly Russiýa-Türkiýe-Eýran maslahatynyň 14-nji fewralda Soçi şäherinde geçiriljekdigini mälim edýär.

Le Monde “Wenesuela meselesinde Ýewropalylar näme üçin Donald Trampyň yzyndan barýar? diýip ýazýar

Le Figaro Parižde bir binada bolan ýangynda 7 adamyň ýogalandygyny, 1 adamyň agyr ýaralanandygyny aýan edýär



Degişli Habarlar