Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan tapan Türkiýe bilen baglanşykly habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

876678
Daşary ýurt metbugatyna syn

 

ABŞ-nyň “Turkish Amerijan” web sahypasy “Erdogan we Al Başiriň bilelikdäki jarnamasy” söz başyly habarynda, resmi sapar bilen Sudana baran Prezident R.T.Erdogan bilen kardeşi Omar Al Başiriň bilelikde jarnama çap edendigini, jarnamada “Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň döredilmegi bilen anyk başlangyjyň edilendigi barada nygtalýandygy mälim edilýär. Habarda, jarnamada Erdoganyň Sudana saparynyň iki ýurduň arasynda bar bolan taryhy, medeni we jemgyýetçilik gatnaşyklara esaslanýan doganlyk gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagy, ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň güýçlendirilmeginiň çäginde amala aşandygy nygtalýar.

Eýranyň “IRIB” radiosy “Kalyn: Diplomatiýa bilen abaý-syýasat bilen bolmaz” söz başyly habarynda, Prezidentiň metbugat sekretary İbrahim Kalynyň ABŞ-nyň İýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar etmek barada kabul eden kararyndan soň başdan geçirilenler barada ýazan makalasynda Iýerusalimiň rasist Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar etmek baradaky kararyň BMG-niň Baş Assambleýasynda ret edilmegine ünsi çekip: “Iýerusalim kararynyň bütin dünýäni birleşdirendigini beýan etdi we “diplomatiýa abaý-syýasat bilen bolmaz” diýen sözlerini halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Russiýanyň “Sputnik” habarlar gullugy “Gollandiýadaky itli barlaga Türkiýe garşylyk görkezdi” söz başyly habarynda, Gollandiýanyň paýtagty Amsterdamyň Şipol howa menzilinde Türkiýä gitjek ýolagçylaryň goşlarynyň hem dedektor itler bilen barlanandygyny, Stambulyň Atatürk adyndaky howa menziliniň gelen ýolagçylar bölüminde käbir golland ýolagçylarynyň narkotik itler bilen barlanandygyny mälim edýär.

Fransiýanyň “Ýewronýus” internet saýtynda “Türk professory tapan mör-möjegine kakasynyň adyny dakdy” söz başyly habarynda, Atatürk uniwersitetiniň oba hojalyk fakultetiniň ösümlikleri goraýyş bölüminde 30 ýyldan bäri mör-möjekler boýunça ylmy barlaglar geçirýän professor Erol Ýyldyrymyň Diýarbakyr welaýatynyň Silwan etrabynda geçiren barlagynyň netijesinde Tipidei maşgalasyna degişli mör-möjek görnüşlerinden birini tapandygyny mälim edýär. Habarda professor Ýyldyrymyň kakasynyň täze tapan mör-möjegine öz adyny dakmagyny isländigini we şeýlelikde täze tapylan mör-möjegiň adyna “Tipia Bahattini” adynyň goýulandygyny aýdandygy nygtalýar.



Degişli Habarlar