Daşary ýurt metbunatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan tapan Türkiýe bilen bagly habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

867332
Daşary ýurt metbunatyna syn

 

Britaniýanyň: “Roýter” habarlar gullugy: “Erdogan ýokary göterim mukdarlary bilen inflýasiýa aşaklamaz” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň ýokary göterimleriň bolan ýurtlarynda inflýasiýanyň aşaklamagynyň mümkin bolmandygyny aýdandygyny ýazýar. Habarda Ankarada eden çykyşynda: “Men ýokary göterime garşydygymy ýene-de bir gezek beýan edýärin. Beýan etmägede dowam ederin” diýen Erdoganyň: “Çünki ýokary göterimiň bolan ýurdunda inflýasiýanyň aşaklamagy mümkin däl. Şuny ýatdan çykarman” diýen sözlerine üns çekilýär.

Russiýanyň “Sputnik” habarlar gullugy “Çawuşogly: howp abanan halatyndea Afrina gireris” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň hususy teleýaýlymlardan birine beren beýannamasynda ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi PÝD/ÝPG-niň gözegçiligindäki Afrin şäherine Türkiýe tarapyndan guralmagy ähtimal operasiýa barada beýannama berendigini, ministr Çawuşoglynyň sebitden Türkiýä howp abanýandygyny we hüjüm guralýandygyny, tehniki meýilnamalar düzülenden soň duýdansyz çäre görüljekdigini aýdandygyny halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Eýranyň “İRİB” internet sahypasynda “Ruhimpur: Erdogan we Ruhani duşuşyklarynyň artmagy gowulygyň alamaty” söz başyly habarynda, Eýranyň Daşary işler ministriniň Aziýa we Ýuwaş Umman sebitinden jogapkär orunbasary İbrahim Rahimpuryň Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani bilen Prezident R.T.Erdoganyň duşuşyklarynyň sanynyň soňky döwürde artandygyny nygtap, ony gowulygyň alamaty hökmünde analiz edýändiklerini aýdandygyna ünsleri çekýär. Habarda Ruhaniniň Stambuldaky maslahata gatnaşmagy barada metbugatyň wekillerine beýannama beren Rahimpuryň: “Erdogan Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Başlygy. Tebigy ýagdaýda guramanyň nobatdan daşary maslahaty guraýar we taýarlaýar” diýen sözleri ýerleşdirilýär.

Fransiýanyň halkara “Ýewronýus” habarlar ýaýlymynyň: “Stambully taksi sürüjileriniň Ysraýyl we Amerikan harytlaryna boýkot çagyryşy” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň İýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar etmeginden soň Türkiýede geçirilen protest aksiýalaryna stambully taksi sürüjileriniň hem goşulandygyny mälim edýär. Habarda Stambulyň ýollarynda ulag kerweni emele getirip, garşylyklaryny signallaryna basmak arkaly görkezen sürüjileriň kararyň hukuksyzdygyny we musulman dünýäsiniň ony ykrar etmejekdigini görkezmek üçin aksiýa gurandyklary mälim edilýär.



Degişli Habarlar