Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkiýe bilen bagly habarlar giň beýan tapýa

820037
Daşary ýurt metbugatyna syn

Germaniýanyň DPA habarlar gullugy: “Erdogan Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň bikanun garaşsyzlyk referendumyndan soň has köp embargo goýmak bilen hemle atdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň bikanun garaşsyzlyk referendumy sebäpli duýduryşlar berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarlar gullugy Erdoganyň: “Eger özlerine gelmeseler has netijeli ädimler ätmekde ikirjiňlenmeris. Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň iň gysga wagtda öz aklyna gelmegini ymut edýäris” diýendigini belleýär.

Russiýanyň Ria Nowosti habarlar gullugy: “Türkiýe Eýrana garşy goýuljak sanksiýalara garşy çykdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň resmi Ankaranyň Eýrana garşy sanksiýalaryna garşydygyny aýdandygyny habar berýär. Habarlar gullugy Çawuşoglynyň: “Eýrany nähak ýerinde tankyt edýäris, hakly ýerinde bolsa goldaw berýäris. Embargo syýasaty ýalňyşdyr. Käbir ýurtlaryň ýigrenç duýdugy we ýok etmek isledigi Eýrany çüňke gabamak örän erbit bir ýalňyşlykdyr. Eýran bize duşmanmy näme?” diýendigini beýan edýär.

ABŞ-nyň AP habarlar agentligi: “Türkiýe: Ispaniýanyň territorial bütewiligine hormat goýarys” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hüseýin Müftüoglynyň Kataloniýada 1-nji oktýabrda geçirilen bikanun garaşsyzlyk referendumy bilen baglanşykly Ispaniýanyň territorial bütewiligine hormat goýandyklaryny belläp, taraplaryň Ispaniýanyň kanunyna boýun bolmagyny we eden-etdiligiň möhümdigini aýdandygyny nygtaýar. Habarda Müftüoglynyň Türkiýäniň Ispaniýanyň bular ýaly synaglaryň hötdesinden geljekdigine ynanýandygyny aýdandygy ýazylýar.

Özbegistanyň Jahon habarlar gullugy: “Özbegistan-Türkiýe işewürler forumy” söz başyly habarynda, Özbegistanyň Döwlet maýa goýumlar komitedi bilen Stambulyň Söwda we palatalar bileleşiginiň bilelikde Daşkentde Özbek-Türk işewürler forumyny geçirendigini mälim edýär. Habarlar gullugy forumyň açylyşyny Özbegistanyň Wise-premýeri Jamşid Kuçkarowyň edendigini, Stambulyň Söwda we palatalar bileleşiginiň başlygy Ibrahim Çaglar bilen Türkiýäniň Özbegistandaky ilçisi Ahmet Başar Şeniň çykyş edendiklerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarlar gullugy taraplaryň Işewürler forumynda umumy taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen birlikde dürli ugurlary öz içine aljak taslamalarda ediljek ädimleri ara alyp maslahatlaşandyklaryna ünsi çekýär.



Degişli Habarlar