Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan tapan Türkiýe bilen bagly habarlary dykgatynyza ýetirýäris

682310
Daşary ýurt metbugatyna syn

Russiýanyň “Sputnik” habarlar gullugy Wise-premýer Nurettin Janikliniň halkara kredit derejelendiriş guramalary hakyndaky beýanatyna ýer berýär.

Wise-premýer Janikli Halkara kredit derejelendiriş guramasy Fiçiň Türkiýäniň kredit balyny aşaklatmagyndan soň türk lirasynyň hümmetiniň 8 göterim ýokarlandygyna aýratyn ünsi çekdi.

Nurettin Janikli ÝB Komissiýasynyň hem türk bankçylyk ulgamynyň ähli kadalarynyň ÝB bilen ugtaşyklydygyny mälim edendigini belledi.

Janikli türk bankçylyk ulgamynyň 2008-nji ýyldaky ykdysady çökgünlikden bäri durnukly ýagdaýda ösýändigini ýatlatdy.

Merkezi Brýusselde ýerleşýän “ÝB Habar” saýty Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Premýer ministri Hüseýin Özgürgüniň gepleşik etaby baradaky sözlerine ýer berýär.

DKTR-nyň Premýer ministri Özgürgün Kipriň grek böleginiň Enosis referendumynyň geçirlen gününiň bellenilip geçilmegi hakyndaky kararlary sebäpli gepleşikleriň dowam etdirlip bilinmejekdigini nygtady.

Premýer ministr Özgürgün Kipr türk halkynyň Enosise, Kipriň Gresiýa birleşmegine garşy çykandygyny we azlyk ýagdaýyna gelmezlik üçin göreşýändigini ýatlatdy.

Merkezi ABŞ-da ýerleşýän Türkişni habar saýty “Prof. Mehmet Toner ABŞ-nyň Milli İnženerçilik akademiýasyna saýlandy” söz başyly habarynda, nanotehnalogiýa we biogorag ugurlary baradaky ylmy işini ABŞ-da dowam etdirýän Prof. Dr. Mehmet Toner ABŞ-nyň abraýly guramalaryndan biri bolan Milli inženerçilik akademiýasyna saýlanandygyny habar berýär.

Ylmy açyşlary bilen saglygy goraýyş we tehnalogiýalary taýdan uly öňe gidişlik eden türk prof. Mehmet Toner şol bir wagdat ABŞ-nyň Milli Açyşlar akademigasyna agzalyga saýlandy.

Merkezi Katarda ýerleşýän Alžazira habarlar kanaly “Türkiýä gelen rus syýahatçylaryň sany artdy” söz başyly habarynda Türkiýä gelen rus syýahatçylaryň sanynyň 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 81,5 göterim artadandygyny mälim etdi.

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň görkezijilerine görä, 2015-nji ýylyň noýabr aýyndaky uçar krizisinden soň başdan geçirlen dartgynlyk sebäpli aşaklan rus syýahatçylarynyň sanyny ýaňadandan ýokarlamaga başlady we  2017-nji ýylyň ýanwar aýynda 40 müň 124 adama ýetdi.

2016-njy ýylda Russiýada Türkiýä 866 müň 256 syýahatçy geldi. Rus syýahatçylarynyň sany 2014-nji ýylda 4,48 million, 2015-nji ýylda bolsa 3,65 million adamdy.



Degişli Habarlar