Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Türkiýe bilen bagly habarlara giňişleýin orun berýärler

616168
Daşary ýurt metbugatyna syn

Russiýanyň Ria Nowosti habarlar gullugy: “Erdogan Türk Ýaragly güýçleriniň Münbiçe hüjüm guramak niýetindedigini belledi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň beren beýanatynda Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň goldawyny alýan Azat Siriýa goşunynyň Al Bab şäheriniň terror guramasy DAIŞ-den saplanmagyndan soň, Münbiçe tarap ugur aljakdygyny aýdandygyny mälim edýär. Habarlar gullugy Erdoganyň: “Al Babdan soň Münbiçe gideris. Ol ýerde siriýaly kürtleriň terror guramalary bar. Olar gündogara gitmeli, şony şeýle etjekdikleri barada söz berdiler. Bir böleginiň gidendigini aýdýarlar. Bu topraklar olaryňky däl, ol ýerlerde araplar ýaşaýar. Araplar ýaşamagyny dowam etdirsin. Türkiýäniň ol ýerde ýerleşmek niýeti ýok. Türkiýäniň howpsyzlyk konsepsiýasy howplaryň Türkiýäniň gapysyna gelmezden ozal, olaryň öňüni almakdan ybarat” diýendigini nygtaýar.

Eýranyň Irna habarlar gullugy: “Ankaradaky kazyýetleriň biri PÝD-niň lideriniň tussag edilmegi barada karar kabul etdi” söz başyly habarynda, Ankarada 17-nji fewralda harby gullukçylary daşaýan awtobusyň nyşana alynyp guralan hüjümi derňeýän kazyýetiň düýn PKK-nyň Ýewropadaky ýolbaşçylarynyň we Siriýadaky goly bolan PÝD-niň lideriniň hüjüm bilen arabaglanşygy bardygy sebäpli tussag edilmekleri barada karar kabul edendigini habar berýär. Habarda şol karara laýyklykda Salih Müslim bilen birlikde Zübeýir Aýdar, Remzi Kartal, Jemil Baýyk, Murat Karaýylan we Fehman Hüseýin ýaly guramanyň agzalarynyň tussag edilmelileriň arasynda atlarynyň bardygy bellenýär. Habarlar gullugy kazyýetiň jemi 48 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul edendigini, resmi Ankaranyň PÝD we ÝPG guramalaryny terror guramasy PKK-nyň goly hökmünde görýändigini beýan edýär.

Germaniýanyň DPA habarlar gullugy: “Erdogan: Döwlet bu watana dönük eden toparlardan dolulygyna saplanmady” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň Fetullah Gülen hereketiniň tarapdarlaryna garşy göreşi dowam etdirmek isleýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Erdoganyň sişenbe güni Ankarada polisiýa akademiýasynda geçirilen howpsyzlyk maslahatynda: “Döwlediň bu watana dönük eden toparlardan dolulygyna saplanmandygyny bilýäris. Bu ýurdy olara bermeris we olaryň halka garşy basyş etmegine rugsat bermeris. Näme gerek bolsa şony hem ederis. Hiç kim Türkiýäniň içerki meselelerine garşy garjaşmaga hukugy ýok. Türkiýäniň terrora garşy göreşi iň soňky terrorçy ýok bolýança çenli dowam eder. Bu göreş adatdan daşary ýagdaýyň möhledi tamamlananyndan soňam dowam eder” diýendigine ünsi çekýär.

Gresiýanyň Zougla habarlar gullugy: “Kiprli grekler we kiprli türkler umumy beýanat berip, ýaňadandan birleşmek isledi” söz başyly habarynda, bir topardan ybarat kiprli grekleriň we kiprli türkleriň duşenbe güni agşam geçirilen dabarada Kipriň ýaňadandan birikmegini talap edendigini mälim edýär. Habarlar gullugy dabaranyň Lefkoşanyň ara zolagynda ýerleşýän Çetinkaýa meýdançasynda geçirilendigini we Kiprli grek we Kiprli türk guramalarynyň 120 agzasynyň gatnaşandygyny belleýär. Habarda umumy beýanatda: “Ylalaşykly çözgüt tagallalaryna goldaw berýäris. Iki lider giňişleýin gepleşikler geçirmeli, taraplaryň tamalaryny ödejek bir yalalaşyga gelmeklerine çagyrýarys” diýilendigini nygtaýar.


Etiketkalar: #Zougla , #DPA , #Irna , #Ria Nowosti , #grek , #türk , #Kipr

Degişli Habarlar