Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Türkiýe bilen bagly habarlara giňişleýin orun berýärler

606833
Daşary ýurt metbugatyna syn

Pars dilinde ýaýlym berýän “Press TW” teleýaýlymynyň: “Türkiýe Germaniýany terrorizmi goldamakda aýyplady” sözbaşysy bilen beren habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň nemes hökümetini sebitde iş alyp barýan terror guramalaryny goldamakda aýyplandygyny aýdandygyny mälim etdi. Habarda Çawuşoglynyň Ankarada geçiren metbugat ýygnagynda:”PKK we DHKP-J Germaniýada işlerini dowam etdirýärler, bemesler olara goldaw berýärler. Çünki olar Türkiýä garşy. Germaniýa Türkiýä garşy terror guramalaryna başga ýurtlardan has köp goldaw berýär” diýen sözlerine üns çekilýär.

Russiýanyň “TASS” habarlar gullugynyň: “Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Mogerininiň beýanatlarynyň ýerliksizdigini pikir edýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň ÝB-niň Daşary işler we Howpsyzlyk syýasatlary boýunça ýolbaşçysy Federika Mogerininiň Türkiýede başdan geçirilýän wakalar baradaky beýanatynyň ýerliksizdigini we resmi Ankara üçin haýsydyr bir ähmiýetiniň bolmandygyny beýan edendigi halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär. Habarda Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda: “ÝB-niň ýokary derejeli ýolbaşçysynyň ýurdumyz barada beren beýanatlary ýerlikli däl. Gynansagam ÝB Türkiýäniň terrorçylyga garşy göreş baradaky aladalaryna düşünmezlige dowam edýär. ÝB bu meselelerdäki borçlaryndan diňe bir Türkiýedäki hüjümleri ýazgarmak bilen gutulyp bilmez” diýilýändigi nygtalýar.

Britaniýanyň “Roýter” habarlar gullugy: “Türkiýe Akkuýu atom bekediniň ilkinji bölümini 2023-nji ýylyň ahyrynda ulanmaga berilmegine garaşýar” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýragyň sişenbe güni ministrligiň 2017-nji ýyldaky býujeti boýunça Mejlisde sözlän sözünde Türkiýäniň Russiýa bilen bilelikde gurulýan 20 milliard dollar gymmaty bolan Akkuýu atom bekediniň ilkinji bölüminiň 2023-nji ýylyň ahyrynda ulanmaga berilmegine garaşylýandygyny aýdandygyna ünsleri çekýär.

Şweýsariýada çap edilýän “Tages-Anzeiger” gazetiniň “Leman kölünde Kipr gepleşikleri” söz başyly habarynda, BMG-niň baş Sekretary Pan Gi Munuň Kipr meselesinde ylalaşyk gazanylmagynyň “daşda däldigini” aýdandygyny ýazdy. Gazet Pan Gi Munuň düýn Şweýsariýanyň Mont-Pelerin etrabynda başlan gepleşikler boýunça soňky 1,5 ýylda uly netijeleriň alynandygyny nygtap: “käbir ynjyk we esasy meseleleriň” çözgüt gözleýändigini, Kiprde çözgüde bolan tamanyň uludygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar