Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt metbugat organlarynda uly beýan tapýar

597447
Daşary ýurt metbugatyna syn

ABŞ-nyň VOA habarlar gullugy: “Bozdagyň Güleni Ben Ladene meňzetmegi” söz başyly habarynda, Adalat ministri Bekir Bozdagyň: “ABŞ üçin Usame Ben Laden näme aňladýan bolsa, Türkiýe döwleti üçin Fetullah Gülen hem şoldyr” diýendigini mälim edýär. Habarlar gullugy FETÖ-niň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň yzyna gaýtarylyp berilmegi etaby barada pikr alyşmak üçun ABŞ-na gitmezden ozal Esenboga howa menzilinde metbugata beýanat berendigini beýan edýär. Habarda Bozdagyň: “Yzyna gaýtarylyp berilmese ýa-da yzyna gaýtarylyp berilmek etabynyň wagty uzajak bolsa bu ýagdaý Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklara ýaramaz täsir ýetirer. Biz Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň bir terrorçy sebäpli dartgylaşmagyny islemeýäris. ABŞ üçin Usame Ben Laden näme aňladýan bolsa, Türkiýe döwleti üçin Fetullah Gülen hem şoldyr” diýendigi bellenýär.

Germaniýanyň DW habarlar gullugy: “Çawuşoglynyň Yraga gury ýer operasiýasy beýanaty” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Türkiýä garşy howp abanjak bolsa Demirgazyk Yraga gury ýer goşunynyň girmegini hem öz düzümine alyp biljek has täsirli çäreleriň görüljekdigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda hususy telewideniýeleriň birine beýanat beren Çawuşoglynyň: “Eger Türkiýä garşy howp abanjak bolsa, biz gury ýer operasiýasyny hem öz içine alýan ähli çäreleri göreris. Türkiýä garşy howp abanjak bolsa, Yrakdaky wakalar Türkiýäniň howpsyzlygyna we asudalygyna howp saljak bolsa, Siriýada DAIŞ tarapyndan abanan howp biziň sabrymyzy bitirse, Sinjar we beýleki sebitlerde bize garşy howp artsa onda biz gur ýer operasiýasyny hem öz düzüminde jemleýän, halkara hukuga esaslanýan hukuklarymyzy we güýjimizi ulanyp, bize garşy howplary ortadan aýyrarys” diýendigi nygtalýar.

ABŞ-nyň TurkishNY habarlar agentligi: “PKK terror guramasy we ol Türkiýä we Yragyň Kürt Awtonomiýasyna howp abandyrýar” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obamanyň DAIŞ-e garşy göreş boýunça ýörite wekili Brett McGurkyň PKK-nyň terror guramasydygyny we Türkiýe bilen Yragyň Kürt Awtonomiýasyna howp abandyrýandygyny aýdandygyny habar berýär. Habarlar gullugy Yrakda saparda bolan Brett McGurkyň bu meseläniň Yragyň Kürt Awtonomiýasy bilen Yragyň merkezi hökümediniň arasynda çözülmelidigini aýdandygyna ünsi çekýär. Habarda Mosuly terror guramasy DAIŞ-den azat etmek operasiýasynyň üstünde durup geçen McGurkyň operasiýanyň bellenen meýilnama laýyklykda dowam edýändigini we öňe gidişlikleriň bardygyny, emma operasiýanyň örän kyn boljakdygyny we goşmaça wagtyň gerek bolup biljekdigini aýdandygy ýazylýar. Habarlar gullugy McGurkyň: “DAIŞ kiçi toparlar bolup Kerkükde we Rutbada edişi ýaly beýleki ýerlerden hem terrorçylykly hüjümler guraýar. Bular ýaly hüjümleriň artjakdygyny pikir edýäris” diýendigini belleýär.

Russiýanyň Interfaks habarlar gullugy: “Lawrow Türk Akymynyň uzaldylmagy bilen baglanşykly şertleri mälim etdi” söz başyly habarynda, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň Russiýanyň Türk Akymy taslamasynyň 2-nji geçirjisini diňe Ýewropa Bileleşiginiň taslamanyň durmuşa geçirilip bilinjekdigi baradaky güwä haty ýazmagy bilen gurmaga başlajakdyklaryny aýdandygyny mälim edýär. Habarda Ýewropaly işewür adamlar jemgyýetiniň Moskwada sişenbe gününde geçiren ýygnagyna gatnaşan Lawrowyň: “Günorta Akymy taslamasynyň şowsuzlygyndan soň bu geçirijini ÝB-ne diňe iki sany manysy bolmaýan ýazmaça resmi güwäniň berilmeginden soň gurarys” diýendigi nygtalýar.



Degişli Habarlar