Daşary ýurt metbugatyna syn 27.04.2016

Türkiýäniň we dünýäniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

479123
Daşary ýurt metbugatyna syn 27.04.2016

 

CRİ ONLİN: “Horwatiýa ÝB-ne agzalyk meselesinde Türkiýä goldaw berýär” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň Horwatiýada saparda bolandygyny habar berýär.

Habarda Prezident Erdoganyň Horwatiýanyň Prezidenti Kolinda Grabar Kitarowiç bilen duşuşandygy nygtalýar.

Habarda özara duşuşykdan soň metbugata beýanat beren Kitarowiçiň “Horwatiýa agzalyk etabynda gazanan tejribeleri bilen Türkiýäniň utgaşyklyk etabynyň depgininiň güýçlendirilmegine goşant goşup biler”diýendigi bellenilýär.

Habarda Horwatiýanyň Türkiýäniň ÝB-ne agzalygyna güýçli godaw berýändigini aýdan Kitarowiç “NATO agza ýurt hökmünde hem Türkiýe bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýäris”diýendigine üns çekilýär.

 

WOA: “ÝB Siriýalylara türk dilinde bilim berilmegini gün tertibine aldy” söz başyly habarynda Ýewropa Komissiýasynyň Goňşuçylyk syýasatlaryndan we giňelmek gepleşiklerinden jogapkar agzasy Ýohanes Hahnyň iş sapary bilen Türkiýä gelendigini we saparynyň çäginde Şanliurfadan Harran bosgun düşelgesinde bolýan siriýaly bosgunlar bilen duşuşandygyny mälim edýär.

Habarda Hahnyň bosgunlara türk dilinde bilim berilmegine göz ýetirendigi hakyndaky sözlerine ýer berilýär.

 

 

 

TURKİSHNY İNTERNET PORTALI:"Nýu Ýorkdaky Selçukly sergisine ýörite açylyş” söz başyly habarynda ABŞ-nyň Nýu Ýork şäherindäki Metropolitan muzeýiniň 4 ýyldan bäri üstünde işlenýän seljuklylar hakyndaky giň gerimli sergisiniň dabaraly ýagdaýda açylandygyny aýan edýär.

Habarda sergide Seljuklylaryň 11-nji asyrdan 13-nji aşyra çenli döreden biri-birinden kaşan eserleriniň sergilenýändigi nygtalýar.

Habarda sergide keramika, aýna eserler bilen birlikde agaçdan ýasalan 270 eseriň ünsleri özüne çekýändigi bellenildi.

 

 

ALJAZEERA :”Galatasaraý çempionlyk üçin meýdanda” söz başyly habarynda Galatasaraý Odeabank, Eurojup final bäsleşikleriniň çäginde şu gün Fransiýanyň Strasborg komandasy bilen bäsleşjekdigini habar berýär.

Habarda futbol bäsleşiginiň şu gün Abdi İpeçi sport zalynda sagat 20:00-da başlajakdygy nygtalýar.



Degişli Habarlar