Daşary ýurt metbugatyna syn 13.04.2016

Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt metbugat organlarynda giň beýan tapýar

470194
Daşary ýurt metbugatyna syn 13.04.2016


Fransiýanyň AFP habarlar gullugy Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň 57 agzasynyň wekiliniň Stambulda duşuşjakdygyny habar berýär.

Habarda Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň 13-nji maslahatynyň Siriýada we Ýemende çaknyşyklaryň dowam edýän günlerinde we Türkiýe bilen birlikde birnäçe ýurdy gana bulan terrorçylykly hüjümlerden soň geçirilýändigi nygtalýar.

Habarda maslahata Saud Arabystanynyň Şasy Salman bilen birlikde 30 ýurduň döwlet we hökümet baştutanynyň gatnaşjakdygyny we maslahat sebäpli berk howpsyzlyk çäreleriniň görlendigini bellenilýär.

Habarda maslahatyň çäginde Türkiýäniň Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň döwürleýin ýolbaşçylygyny öz üstüne aljakdygy nygtalýar.

ABŞ-da çap edilýän Defense Nýus atly hepdelik syýasat, goranyş tehnalogiýalary we senagat žurnalynyň Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň Türkiýäniň Kosmos gullugynyň 3 aýyň içinde resmi taýdan açyljakdygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Žurnalda Türkiýäniň Kosmos gullugynyň Ankaranyň Kazan etrabynda açyljakdygyny we gullugyň kosmos we emeli hemra taslamalarynyň utgaşyklygyny öz üstüne aljakdygy nygtalýar.

Žurnalda Kosmos gullugynyň Aragatnaşyk, transport we deňizçilik ministrligi, Baş ştabyň başlyklygy, Goranmak ministrligi we Bilim, senagat we tehnalogiýa ministrligi bilen işleşjekdigini ýazýar.

ABŞ-nyň Amerikanyň Sesi Radioasy “Halkara Pul Gaznasy Türkiýäniň ösüş çaklamasyny artdyrdy" söz başyly habarynda, Halkara pul gaznasynyň dünýäniň ykdysady görkezijisi atly habarnamasynda Türkiýäniň ykdysadyýetiniň şu ýyl 3,8, geljek ýyl bolsa 3,4 göterim ýokarlamagyna garaşylýandygyny mälim etdi.

Eýranyň resmi habarlar gullugy İRNA “Türkiýe oňyn tutum alyp barýar" söz başyly habarynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýörite wekili Mahmud Waiziniň Eýran bilen Türkiýäniň arasyndaky Bilelikdäki ykdysady komissiýanyň 25-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkiýä gelendigini habar berýär.

Habarda Waiziniň Bilelikdäki ykdysady komissiýanyň maslahatynyň netijeleri we Türkiýede geçiren ýokary derejeli gepleşikleri hakynda metbugata beýanat berendigi nygtalýar.

Habarda Waiziniň Bilelikdäki ykdysady komissiýanyň täze döwürde durmuşa geçiriljek işler hakynda ýörite meýilnama taýarlanandygyna aýratyn ünsi çekendigi bellenilýär.

Habarda Eýran bilen Türkiýäniň arasyndaky Bilelikdäki ykdysady komissiýanyň maslahatynyň çaginde bankçylyk gatnaşyklary, hususy pudagyň işini ýeňilleşdirmek üçin Eýran bilen Türkiýäniň söwda palatalarynyň arasynda ýörite şertnama baglaşylandygy ýatladylýar.



Degişli Habarlar