Daşary ýurt metbugatyna syn 30.03.2016

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

461213
Daşary ýurt metbugatyna syn 30.03.2016

Russiýanyň “Sputniknews" habarlar gullugy: rus harby ýolbaşçylarynyň Türkiýäniň harby uçarlarynyň Russiýanyň harby uçaryna od açyp ýere gaçyrmagyndan soň, ilkinji gezek Türkiýä gelendiklerini mälim edýär. Gazet 3 ofiserden ybarat rus wekiliýetiň Ýewropanyň howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Ynamy we howpsyzlygy artdyrýan çäreler bilen baglanşykly Wenada kabul edilen resminama laýyklykda Izmiriň Foça etrabyndaky deňiz bazasynda ýerleşýän brigada Netijelendirme sapary gurandyklaryny habar berýär.

ABŞ-nyň “Amerikanyň sesi" habarlar gullugy: Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Amerikanyň sesi habarlar gullugyna beren interwýusynda Türkiýä bilen Amerikanyň arasyndaky gatnaşyklaryň soňky wagtlarda bozulandygy baradaky habarlaryň dogry däldigini we iki hyzmatdaşyň käbir meselelerde tapawutly garaýyşlarynyň bardygyny kadaly bir ýagdaýdygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Çawuşoglynyň: “Biz wajyp iki hyzmatdaş ýurt we umumy maksatlarymyz bar. Emma käbir meselelerde tapawutly garaýyşlarymyz bolup biler, şol meseleler babatda beýanat berenimizde hamala iki ýurduň arasynda dartgynlyk bar ýaly kabul edilýär. Islendik iki ýurt ähli meselelerde 100 göterim garaýyşlary bir bolup bilmez. Mysal üçin PÝD babatynda olaryň tapawutly garaýşy bar, biziň hem tapawutly garaýşymyz bar, emma bu ýerde tapawutly garaýşymyz bar diýip öýkelemek ýalňyş bolar" diýendigini belleýär.

Krym habarlar gullugy: Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mahir Ünalyň Ukraina Halkara syýahatçylyk we syýahat sergisiniň açylyşyna gatnaşmak we gepleşikler geçirmek üçin şu gün Ukrainanyň paýtagty Kiýewe geljekdigini mälim edýär. Gazet ilki bilen Ukrainada Osmanly/Türk mirasy we Galisko gonamçylyklary atly maslahata gatnaşjak ministr Ünalyň ondan soň bolsa Ukraina Halkara syýahatçylyk we syýahat sergisiniň açylyşyna gatnaşjakdygyny we Türkiýäniň stendine baryp görjekdigini nygtaýar. Habarda Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mahir Ünalyň Ukrainanyň Syýahatçylyk agentliginiň başlygy Iwan Liptuga, Ukrainanyň tur operatorlarynyň wekilleri we Ukrainanyň Wise-premýeri we Medeniýet ministri Wýaçeslaw Kirilenko bilen duşuşjakdygy ýazylýar.

Eýranyň Pars habarlar gullugy: Töwriz-Kars demir ýolunyň gurluşygynyň başlanandygyny habar berýär. Gazet Gündogar Azerbaýjan Ýol we şäherçilik edarasynyň dolanşyk geňeşiniň başlygy Tewhid Ahlakiniň Töwriz-Bazergan demir ýoly bilen baglanşykly ylalaşygyň geçen ýyl baglaşylandygyny we taslamanyň 5 ýylyň dowamynda tamamlanmalydygyny aýdandygyny nygtaýar. Gazet Ahlakiniň Töwriz-Bazergan-Kars demir ýolunyň taslamasynyň gurluşygnyň geçen ýyl başlanandygyny belländigini ýazýar.



Degişli Habarlar