Daşary ýurt metbugatyna syn 28.01.2015

Geçen hepde köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan tapan Türkiýe bilen bagly habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

199781
Daşary ýurt metbugatyna syn 28.01.2015

ABŞ-nyň “AP” habarlar gullugynyň “Somalida binagärlik taslamalary başladyldy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Somaliniň paýtagty Mogadişoda türk hökümetiniň öňbaşçylyk etmegindäki binagärlik taslamalaryna badalga berendigini mälim edýär.
Habarda Erdoganyň Mogadişonyň howa menzilinde türk firmalary tarapyndan gurlan terminal binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşandygy, Somaliniň Prezidenti Hasan Şeýh Mahmudyň Türkiýäniň howpsyzlyk bilen birlikde ähli kynçylyklara garamazdan Somala maýa goýýandygy üçin öwgüli sözler aýdandygy nygtalýar. Habarda Türk howaýollarynyň Mogadişo şäherlerine saparlaryny dowam etdiren ilkinji halkara howaýolydygy, Türkiýedäki jemgyýetçilik guramalarynyň Somalide iş alyp barýandygy we somalili talyplara stipendiýa şertlerini döredýändigi barada aýdylýar.


Eýranyň “Pars” habarlar gullugy “Pakistan-Türkiýe goranyş gatnaşyklary” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Pakistan bilen goranmak pudagy boýunça şertnama baglaşyp, iki ýurduň bilelikde sowutly ulag öndürmek üçin serişde bermegi kabul edendigine ünsleri çekýär. Habarda iki ýurduň ýolbaşylarynyň 2014-nji ýylda sowutly ulag öndürmek barada gazanan ylalaşygy iş ýüzüne geçirendikleri nygtalýar. Habarda Türkiýäniň harby ulaglary we esasanda F-16 uçarlaryna ätiýaç şaýlary öndürmekde-de uly paýa eýedigi beýan edilýär.


Fransiýanyň “AFP” habarlar gullugy “Terrorçylyga garşy bilelikdäki front” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Stambulda geçirilen maslahatynda “Tapawutly dillerde gepleşýän bolup bileris, ýurtlarymyz başga, etniki gelip çykyşymyz başga. Emma terrorçylygyň we rasizmiň öňünde ähli tapawutlyklary bir gyra goýalyň” diýen sözlerini halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Erdoganyň çykyşynda Siriýa we Yraga degişli ýerleri basyp alan “Yslamy bahana edip musulmanlary öldürýän terror guramasy YSYS-y tankyt edip, BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşiniň bäş agzasynyň arasynda ýekeje musulman ýurduň bolmandygyna gynanýandygyny aýdandygy nygtalýar.


Owganystanyň “Jomhur Nýus” habarlar gullugy “Siriýa serhedi dolulygyna ýapylmaýar” söz başyly habarynda, Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň Türkiýäniň Siriýa bilen serhetlerini dolulygyna ýapmajakdygyny aýdandygyny mälim edýär. Habarda Premýer ministr Dawutoglynyň daşary ýurtly söweşijileriň terror guramasy YSYS-a goşulmagynyň öňüni almak üçin Siriýa bilen serhetleriň ýapylmagynyň Ankara üçin mümkin bolmandygyny aýdandygy nygtalýar. Britaniýanyň Premýer ministri Dewid Kameron bilen Siriýa, Yrak we terror guramasy YSYS meselesinde iki aýyň dowamynda dört gezek duşuşan Premýer ministr Dawutoglynyň “Biz serhedi ýapyp bileris, emma bosgunlary kim halas eder, olary howpsyz ýere kim alyp gider” diýen sözleri ýerleşdirilýär.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar