Daşary ýurt metbugatyna syn 31.12.2014

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde seslenme döreden Türkiýe bilen baglanşykly habarlary dykgatyňyza ýetirýäris.

166480
Daşary ýurt metbugatyna syn 31.12.2014

Britaniýadan ýaýlym berýän “Roýter” habarlar gullugy “Türkiýe bilen Yrak harby taýdan hyzmatdaşlyk eder” söz başyly habarynda YSYS terror guramasy tarapyndan guralýan hüjümlere alada bildirýän Türkiýe bilen Yragyň aşa radikal sünni başbozarlara garşy söweşmek üçin birlikde işleşjekdigini habar berdi.
Habarda Türkiýede saparda bolan Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadiniň Premýer ministr Ahmet Dawutogly bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berendigi nygtaldy.
Habarda Premýer ministr Dawutoglynyň Türkiýäniň Yrak bilen harby taýdan hyzmatdaşlyk etmäge taýardygy hakyndaky sözlerine ýer berildi.
Habarda Premýer ministr Dawutoglynyň “Goranmak ministlerimiz mesele bilen ýakyndan gyzyklanar. Yraga harby taýdan ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam ederis” diýen sözlerine üns çekildi.


Russiýanyň “İtar Tass” habarlar gullugy Gyrgyz Respublikasy bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda gatnaşyklary hakyndaky habarlara giňişleýin ýer berdi.
Habarda Gyrgyz Respublikasy bilen Türkiýäniň söwda mukdaryny üç esse ýokarlandyryp 1 milliard dollara ýetirmegi meýilleşdirýändigi nygtaldy.
Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkekde geçirlen Gyrgyzystan-Türkiýe hökümetara toparynyň maslahatynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylandygy habar berildi.
Habarda Gyrgyz Respublikasynyň Wise-premýeri Taýyrbek Sarpaşewiň maslahatda eden çykyşynda “Geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky söwda mukdary 297 million dollara barabar boldy. Üstümizdäki ýylyň 8 aýlyk döwründe şol san 320 million dollara çenli baryp ýetdi. İki ýurduň arasyndaky söwda mukdaryny 1 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýäris” diýendigi ýatladyldy.
Maslahata gatnaşan Türkiýäniň Wise-premýeri Numan Kurtulmuş hem Gyrgyz Respublikasynyň Ýewraziýa Ykdysadyýet bileleşigine agzalygynyň hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikler hödürlejekdigine ünsi çekdi.
Habarda Wise-premýer Kurtulmuşyň “Türkiýe bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky söwda mukdary 2010-njy ýyldan soň 10 esse ýokarlady. Gyrgyzystanyň iki ýurduň arasyndaky söwda mukdaryny geljekde 1 milliard dollara ýetirmek baradaky meýilnamasyna doly goldaw berýäris” diýendigi nygtaldy.


Makedoniýada çap edilýän “Dnewnik” gazeti “Dawutogly-Gruewski duşuşygy” söz başyly habarynda Makedoniýada geçirlen Türkçe bilim baýramyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin Makedoniýa giden Premýer ministr Dawutoglynyň saparynyň çäginde kärdeşi Nikola Gruewski bilen duşuşandygyny ýazýar.
Gazet Makedoniýanyň Premýer ministri Gruewskiniň “Türk dili Makedoniýanyň esasy dillerinden biri we Türkiýe bilen hyzmatdaşlyk etmäge dowam ederis” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet Makedoniýanyň Premýer ministri Gruewskiniň “tapawutly dilleriň goralyp saklanmagy Makedoniýanyň köp medeniýetli gurluşygy taýdan diýseň möhüm”diýendigini ýatladýar.
Gazet Türkiýe Respublikasynyň Premýer ministri Ahmet Dawutoglynyň “ İki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar pugtalanmak bilen dowam eder”diýendigine ünsi çekýär.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar