Daşary ýurt metbugatyna syn 30.07.2014

Türkiýe bilen baglanşykly habarlar daşary ýurt metbugat organlarynda gińişleýin ýer alýar

74233
Daşary ýurt metbugatyna syn 30.07.2014

Yńlis habarlar gullugy “Roýter” Premýer ministr R. T. Erdoganyń Ysraýylyń Gaza guraýan hüjümleri sebäpli kaziýet işine çekilmelidigi hakyndaky sözlerine ýer berdi.
Habarlar gullugy Erdoganyń “ Gaza hüjüm guramaga dowam eden halatynda Ysraýyl hökmany suratda halkara kaziýetlerde kaziýet işine çekiler. Muny göreris we Türkiýe munyń üçin göreşer” diýendigini ýatladýar.
Habarlar gullugy Premýer ministr Erdoganyń Ysraýyla günbatarly ýurtlaryń goldaw bermegine we dünýäniń bu meselä biperwaý garamagyna hem düşünip bilimeýändigine aýratyn ünsi çekendigini nygtaýar.
Merkezi Katarda ýerleşýän “Al Jezire” habarlar gullugynyń internet saýtynda berlen “Türk diplomatiýasyndan Gaza goldaw” söz başyly habarda, Palestinaly meýletinler bilen olara goldaw berýänleriń, türk halkynyń we diplomatlarynyń Gaza hakynda alyp barýan tutumyna umyt baglandygyny ýazdy.
Habarlar gullugy Türkiýe Respublikasynyń Prezidentiniń, Premýer ministrliginiń we Daşary işler ministriniń alyp barýan syýasatlarynyń açyk aýdyń tutumlar bilen özüni görkezýändigini aýan etdi.
Resmi Ankaranyń dürüst ýagdaýda Ysraýylyń hüjümlerini ýazgarýandygyny birnäçe gezek beýan edendigine ünsi çekýän habarlar gullugy, şol tutumyń geçirlen ýokary derejeli gepleşiklerde hem dowam etdirlendigini ýatlatdy.
Ytaliýan habarlar gullugy “Adnkronos” ÝB ministri Mewlüt Çawuşoglynyń “Türkiýe üçin ÝB-ne agzalygyń daşary syýasatdaky esasy taslamalardan biridigi hakyndaky sözlerine ýer berdi.
Habarlar gullugy ministr Çawuşoglynyń strategij taslama we agzalyk gepleşikleri hökmünde analiz edilýän ÝB-ne agzalyk etabynyń Türkiýe üçin, Türkiýe Respublikasynyń gurulmagyndan sońky iń uly döwrebaplaşma etabydygy hakyndaky sözlerine ünsi çekýär.
Mewlüt Çawuşoglyna görä ÝB-de ykdysady çökgünlik we daşary ýurt duşmançylygynyń ýokarlamagy ýaly käbir kynçylyklaryń ýüze çykandygyny nygtaýan habarlar gullugy, Türkiýäniń ÝB ministriniń şol krizisiń ortadan aýryljakdygyna we pursada öwrüljekdigine ynanýandygyny ýazdy.
Habalar gullugy ÝB-niń Türkiýäniń agza bolmak isleýän esasy guramalaryndan biridigini aýdan Çawuşyglynyń, ÝB-ne agzalyk meselesinde Türkiýäniń tutanýerli tutum alyp barýandygyny we tutumynyń üýtgemändigine aýratyn ünsi çekendigini belledi.
Russiýanyń resmi habarlar gullugy “Ria Nowosti” Türkiýäniń “Erkin söwda sebitini” döredip biljekdigini habar berdi.
Habarlar gullugy Russiýa Federasiýasynyń ykdysadyýet ministrý Alekseý Ulýukaýewiń, Türkiýäniń ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji bilen bolan duşuşygyndan soń metbugata beren beýanatynda Türkiýäniń, Russiýanyń, Belarusyń we Gazagystanyń arasyndaky Gümrük bileleşigi bilen erkin söwda sebitiniń döredilmegi meselesini gün tertibine getirendigini mälim etdi.
Habarlar gullugy Ulýukaýewiń Awstraliýanyń Sidneý şäherinde geçirlen G-20-ä girýän ýurtlaryń söwda ministrleriniń maslahatynyń çäginde Türkiýäniń Ykdysadyýet ministrý bilen duşuşandygyny belledi.
Habarda Ulýukaýewiń kärdeşi Nihat Zeýbekji bilen erkin söwda sebitiniń döredilmegi bilen baglanşykly meseleler hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar