Daşary ýurt metbugatyna syn 23.07.2014

Daşary ýurt metbugat serişdelerinde seslenme döreden Türkiýe bilen bagly habarlary dykgatyńyza ýetirýäris

68145
Daşary ýurt metbugatyna syn 23.07.2014

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde esasan-da Ysraýylyń Gazada eden gyrgynçylygyna-da giń orun berildi.
Katarda çap edilýän “Aş Şartk” gazeti Palestinanyń Prezidenti Mahmud Abassyń Prezident Abdulla Gül bilen Stambulda duşuşandygyny ýazdy.
Gazet Abbasyń geçirilen bilelikdäki metbugat ýygnagynda “Palestinada başdan geçirilýänleri yzgiderli maglumat bermek üçin Türkiýe bilen ýakyn aragatnaşyk saklandyklaryny” aýdandygyny ýazdy.
“Al Şark” gazeti Türkiýäniń BMG-da Palestina meselesi üçin eýelän pozisiýasyny buýsandyryjy häsýetlendiren Palestinanyń Prezidenti Abbasyń, Türkiýäniń Palestina meselesi bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny nytandygyna ünsi çekdi.
İńlis habarlar gullugy “Roýter” Premýer ministr R.T.Erdoganyń Gaza guran hüjümleri sebäpli Ysraýyly “Barbarlykda Gitlerdenem öte geçmekde” aýyplandygyny mälim etdi. Erdoganyń ABŞ-ny Ysraýylyń çenden aşa güýç ulanmagynyń arkasynda durmakda aýyplandygyny we musulman dünýäsiniń has güýçli pozisiýa eýelänligi sebäpli nägileligini beýan edendigini halk köpçüliginiń dykgatyna ýetiren habarlar gullugy, şunuń bilen birlikde Erdoganyń halkyna gaharyny ýurtdaky ýehudi halkyndan çykarmazlyk barasynda duýduryş berendigini ýazýar.
Fransuz habarlar gullugy “AFP” hem Ysraýylyń Gaza guran hüjümlerine Premýer ministr R.T.Erdoganyń berk garşylyk görkezendigine ünsleri çekdi. Habarlar gullugy Erdoganyń Ysraýylyń Gaza sektoryna guran bombaly hüjümleri palestinalylaryń ulgamlaýyn gyrylmagy üçin edýändi barasyndaky sözlerini çap etdi.
Erdoganyń Stambulda musulman alymlarynyń geçiren halkara maslahatynda sözlän sözüne ünsleri çekýän “AFP” Erdoganyń “Şeýle ýagdaý ilkinji gezek başymyza gelmedi. 1948-nji ýyldan bäri her gün, her aý we esaanda mukaddes Remezan aýynda ulgamlaýyn gyrgynçylyga şaýat bolýarys” diýendigini we halkara jemgyýetçiligini biperwaýlygy sebäpli berk tankyt edendigini habar bedri.
Russiýanyń resmi habarlar gullugy “Ria Nowosti” Türkiýede Ysraýyla garşy geçirilen ýörişleri habar berdi. Habarda Ysraýylyń Gaza guran hüjümden we Palestina başladan guryýer hüjümlerinden soń Türkiýede köp sanly şäherde protest ýörişleriniń geçirilendigi mälim edilýär.
İspaniuýada çap edilýän “La Wanguardia” gazeti bolsa Prezident Abdulla Gülüń Kipr meselesine çözgüt tapmagyń Türkiýäniń daşary syýasatynyń ileri tutulýan ugurlaryndan biridigini aýdandygyny ýazdy. Gazet Gülüń Lefkoşada Kiprde bar bolan meseleleriń baky dowam etmejekdigini aýdandygyny we Türkiýäniń adanyń ýańadandan birleşmegi ugrunda kiprli Türkleri goldamaga dowam etjekdigini nygtandygyna ünsleri çekdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar