2016-njy Ýylyň Jemleri

2016-njy ýyl gynansagam şatlykly, geljek taýdan göwün göteriji geçmedi. Uruş, açlyk, terror, tebigy apatlar, neşe, adam, ýarag söwdasy we şuňa meňzeşler

640325
2016-njy Ýylyň Jemleri

 

Siziň hemmäňize maşgala agzybirligini, ýurt abandançylygyny, täze 2017-nji ýylyň size parahatçylyk, rowaçlyk, bagt, saglyk, bolluk, getirmegini arzuw edip, 2016-njy ýylda dünýäde başdan geçirilen möhüm wakalar barada gysgaça maglumat bermek isleýäris.

2016-njy ýyl gynansagam şatlykly, geljek taýdan göwün göteriji geçmedi. Uruş, açlyk, terror, tebigy apatlar, neşe, adam, ýarag söwdasy we şuňa meňzeşler.

Entek ýylyň başynda Demirgazyk Koreýa Gidrogen bombasyny synagdan geçirendigini beýan edipdi. Şol synag sebitde ýerleşýän ýurtlary we ABŞ-ny herekete geçiripdi.

2016-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda geçirilen Bütindünýä Ykdysady Forumynyň gün tertibi “Täze senagat ynkylaby” hökmünde kesgitlenipdi. 46-njysy geçirilen forumda prezidentler, premýer ministrler rekord derejede gatnaşyp, bosgunlar meselesini, işimizi elimizden aljak robotlary, dünýäni ýakyndan gyzyklandyrýan möhüm meseleleri seljeripdi. Dawosda geçirilen bütidünýä maslahatynda Türkiýä Premýer ministr Ahmet Dawutogly wekilçilik edipdi.

Ýakyn Gündogaryň iň esasy meselesine öwrülen Siriýada çagalaryň çekýän kynçylyklary, iýmit ýetmezçiligi sebäpli pida bolan bäbekler, harby jenaýatlar, asuda ilata edilýän basyşlar we beýleki gumanitar pajygalar ýylyň dowamynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryndan biri bolmagynda galdy.

Sosial media deňizde gark bolan siriýaly Aýlan Kurdi atly oglanjygyň kenara çykan jesedi, Siriýadaky çaknyşyklar psihiki taýdan uly trawma sezewar bolan gyzjagazyň fotosuratlary dünýä jemgyýetçiliginiň dykgatyna ýetiren hem bolsa, garaşylýan netijä ýetmek üçin degişli çäreler görülmedi.

Fewral aýyna gelenimizde bolsa dünýäde Zika wirusy üçin global adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. Göwreli aýallara ýokaşan halatynda bäbekleriň beýni ösüşine zyýan täsir ýetirýän we kelläniň adatdakysyndan kiçi bolmagyna sebäp bolýan Zika wirusy Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan global adatdan daşary ýagdaýyň yglan edilmegine sebäp bolupdy.

21-nji martda, ýagny dünýäniň belli bir böleginde Nowruz baýramynyň gutlanýan gününde ABŞ-nyn Prezidenti Barak Obama Kuba taryhy sapar gurady.

Bu sapar Kuba 88 ýyl aradan soň ABŞ-dan Prezident derejesinde guralan sapar bolmagy taýdan uly ähmiýete eýe boldy. İki ýurduň arasyndaky poçta gatnawy 48 ýyl soň ýaňadandan başlady. Obama saparyndan ozal Kuba goýulan käbir çäklendirmeleriň bes edilmegi baradaky kararlary tassyklady.

2016-njy ýylyň ýatdan çykmajak pajygaly wakalaryndan biri hem Ýewropadaky terror hüjümleri. 14-nji iýulda Fransiýanyň Nis şäherinde Bastille güni mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çäresinde halka guralan hüjümde 84 adam ýogaldy, 202 adam ýaralandy.

22 martda bolsa Belgiýanyň paýtagty Brýusseliň Zawentem howa menzilinde guralan bombaly hüjümde 34 adam jan berdi. Pajyga sebäpli üç günlük ähliumumy ýas yglan edilipdi.

Ýewropadaky terror hüjümleriniň soňkusy Germaniýanyň Berlin şäherinde guraldy. Ýük ulagy bilen bazarda guralan hüjümde 12 adam pida boldy, 48 adam ýaralandy.

Fewral aýynda çap edilen habarnama görä, soňky bäş ýylda dünýädäki ýaraglanmanyň 14 göterim artandygy mälim edildi. Onuň esasy sebäplerinden biri bolsa dünýäde terror hüjümleriniň we içerki çaknyşyklaryň artmagy.

Mart aýynda “Bosniýa gassaby” atlandyrylýan Karajiç Srebrenisa gyrgynçylygy sebäpli günäli diýlip tapyldy. 10 jenaýatdan günäli bolan serp lider Radowan Karajiç 40 azatlykdan mahrum edildi.

26-njy martda dünýäniň iň bir abraýly gazetlerden biri bolan Britaniýada çap edilýän “Ze İndependent” gazeti öz neşrini bes etdi. Berilen beýanatda gazetiň mundan beýlak elektron görnüşde neşir ediljekdigi habar berildi.

4-nji aprelde taryhyň iň uly maglumat ogurlygy edildi. Şeýlelikde merkezi Panamada ýerleşýän hukuk ofisi Massak Fonseka degişli millionlarça sahypalyk maglumatyň paş bolmagy sebäpli 12 lider we 143 syýasatçy bilen birlikde müňlerçe adamyň offşor hasaplarynyň bardygy ýüze çykdy. Maglumatlarda Forbesiň milliarderler sanawyndaky 29 adamyň ady agzalýar.

2016-njy ýylda ABŞ-nyň Prezidenti Obama we döwlet sekretary Jon Kerri Hiroşima bardy. Bu waka 71 ýyl ozal Amerika tarapyndan bombalanan Ýaponiýanyň Hiroşima şäherindäki ýadygärligine iň ýokary derejeli sapar boldy.

Merkezi Awstraliýada ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy guramalardan biri bolan “Walk Free” gaznasynyň taýarlan Global gulçulyk indeksine görä dogluşdan gulçylyga mejbur bolan, seks işçiligi üçin ogurlanan, karza batyrylan ýa-da zor bilen işledilýän admalaryň sany 2014-nji ýylda 35,8 million bolan bolsa, şol san häzirki wagtda 45,8 million adama ýetipdir.

Üstümizdäki ýylyň 4-nji iýunynda meşhur boksçy Muhammet Ali 74 ýaşynda dünýeden ötdi.

23-nji iýunda bolsa Britaniýa ÝB-ne agzalykdan çykmak üçin ses berdi, Dawid Kameron iş başyndan çekildi. Bu garaşylmaýan waka Ýewropa bilen birlikde dünýä uly seslenme döretdi.

2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda Türkiýede harby agdarlyşyk synanşygy guraldy. Bu synanşyk türk milletiniň batyrgaýlygy, watansöýerligi we demokratiýa bolan ynamy bilen yza serpikdirildi. Agdarlyşyk synanşygyny guran Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň maksady başa barmady we Türkiýe döwleti FETÖ garşy netijeli göreşmek üçin Adatdan daşary ýagdaý dolanşygyny yglan etdi. Terror guramasy bilen arabaglanşygy bolan, hyzmatdaşlyk eden, oňa gulluk edýän onlarça müň dönük tussag edildi, saklandy, işden çykaryldy we olar barada jenaýat işi gozgaldy.

Sentýabr aýynyň 2-de Özbegistany 25 ýyl dolandyran Prezident Yslam Kerimow beýnisine gan inmegi sebäpli aradan çykdy. Kerimowdan soň prezidentlige saýlanan Şawkat Mirziýoýew Özbegistanyň daşary ýurtlar gatnaşyklary ösdürjekdigini beýan edýär.

2016-njy ýylyň iň esasy wakalaryndan biri hem 9-njy noýabrynda ABŞ-de geçirilen prezident saýlawy boldy. ABŞ-nyn 45-nji Prezidenti bolan Donald Tramp dünýäde köp sanly adamyň tamasyny puja çykardy we tarapdarlaryny begendirmegiň hötdesinden geldi. İndi dünýä Donald Tramp bilen ABŞ-nyň nähili syýasat alyp barjakdygyna garaşýar.

26-njy noýabrda Kubanyň legendar lideri Fidel Kastro dünýeden ötdi. 90 ýaşynda dünýeden öten Kastro ABŞ-na garşy alyp baran syýasaty bilen tanalýardy.

 

Prezident R. T. Erdogan 2016-njy ýylda 20 ýurda sapar gurady.

Prezident Erdogan 20 ýurda 22 sapar gurady we 37 döwlet baştutany bilen duşuşdy.

Prezident Erdogan ýurduň içinde bolsa 24 welaýata 31 iş saparyny gurady.

Prezident Erdogan 1 ýylyň dowamynda ABŞ-na 3 gezek sapar gurady.

R. T. Erdogan 2016-njy ýylyň aprel aýyndaky ilkinji saparynda Ýadro howpsyzlyk maslahatyna gatnaşdy.

Prezident Erdogan ikinji gezek legendar bokçy Muhammet Aliniň jynazasyna gatnaşmak üçin ABŞ-na gitdi.

Erdogan soňky gezek sentýbar aýynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-na gitdi.

Prezident Erdoganyň Russiýa guran sapary 2016-njy ýylda syýasy taýdan öňe saýlanan esasy wakalardan biri boldy.

Prezident Erdogan bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin awgust aýynda San Peterburg şäherinde duşuşdy.

2015-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Siriýa serhedinde türk howa giňişligine giren Su-24 kysymly rus uçarynyň türk F-16 kysymly uçarlar tarapyndan urlup düşürilmeginden soň dartgynlaşan iki taraply gatnaşyklar şol sapardan soň kadalaşmaga başlady.

Sentýabr aýynda ünsler Hytaýa gönükdi.

Dünýäniň ykdysady taýdan ösen 20 ýurdunyň döwlet we hökümet baştutany G-20-niň liderler maslahatyna gatnaşmak üçin Hytaýda duşuşdy.

Prezident Erdogan Türkiýäniň adyndan maslahata gatnaşdy we möhüm duşuşyklar geçirdi.

Prezident Erdogan Latyn Amerika ýurtlaryna guran saparynyň çäginde Şilide, Peruda we Ekwadorda saparda boldy.

Prezident Erdogan ýurduň içinde İzmirden Trabzona, Kaýseriden Rizä çenli birnäçe welaýatda halk bilen duşuşdy.

R. T. Erdogan maý aýynda Diýarbakyra iş saparyny gurady.

Prezident Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-niň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan soň Gaziantepde geçirlen “Jebislik we Doganlyk” mitigine gatnaşdy.

 


Etiketkalar: #uruş , #açlyk , #terror , #jem

Degişli Habarlar