Bütin dünýä aýal gyzlar gününe bagyşlanan ýörite gepleşik

Eneler güni, kakalar güni, söýgüliler güni ýaly her bir günüň bellenilip geçilmegine sebäp bolan wakalar bardyr

254456
Bütin dünýä aýal gyzlar gününe bagyşlanan ýörite gepleşik

Bütin dünýä aýal gyzlar gününiň bellenilip geçilmegine sebäp bolan gynandyryjy waka 1857-nji ýylda başdan geçirilýär.
1857-nji ýylyň 8-nji martynda ABŞ-nyň Nýu Ýork şäherinde dokma senagatynda işleýän 40 müň işçi iş şertleriniň gowulandyrylmagy üçin tekstil fabriginde iş taşlaýyş yglan edýär.
Fabrigiň ýolbaşçylary iş taşlaýyşa garşy berk tutum alyp barýar. İş taşlaýyşyň başga fabriklerde ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin iş taşlaýyş yglan eden zenanlary fabrikde bir otaga alyp, otagyň gapysyna gulp urýarlar.
Emma şol wagt fabrikde haýsydyr bir sebäpden ýangyn bolýar. Gynansakda fabrikdäki işçi zenanlaryň diňe bir bölegi ýangyndan halas bolmagy başarýar.
129 zenan işçi bolsa ýangyndan halas bolup bilmeýär. 129 zenan işçiniň ýangynda ýanandygy habar berilýär. Waka ýurduň çar tarapynda we daşary ýurtlarda uly garşylyk görkezilýär. İşçi zenanlar 100 müňlerçe adamyň gatnaşmagynda soňky ýoluna ugradylýar. Bu pajygaly waka asla ýatdan çykarylmaýar. Daniýada 1910-njy ýylda geçirlen zenanlar maslahatynda waka ýaňadandan gün tertibine getirilýär. 1857-nji ýylyň 8-nji martynda tekstil fabriginde bolan ýangynda ýogalan zenanlaryň hormatyna 8-nji martyň Bütin dünýä aýal gyzlar güni hökmünde bellenilip geçilmegi baradaky taslama bir agyzdan kabul edilýär.
Birinji we ikinji jahan urşy ýyllarynda käbir ýurtlarda Bütin dünýä aýal gyzlar gününiň bellenilip geçirilmegi gadagan edilýär.
Bu pajygaly wakanyň öz ýurdunda başdan geçirlendigine garamazdan ABŞ-da diňe 1960-njy ýyllaryň ahyrynda Bütin dünýä aýal gyzlar gününiň bellenilip geçilmegine goldaw berilýär.
BMG-nyň Baş Asambleýasynyň 1977-nji ýylyň 16-njy dekabrynda geçirlen sesiýada 8-nji martyň Bütin dünýä aýal gyzlar güni hökmünde bellenilip geçilmegi kabul edilýär. Bu ýagdaý Bütin dünýä aýal gyzlar gününiň has güýçli ýagdaýda gün tertibine getirilmegini ýola goýandyr.
Birinji we ikinji jahan urşy ýyllarynda käbir ýurtlarda bellenilip geçilmegi gadagan edilen Bütin dünýä aýal gyzlar güni Türkiýede ilkinji gezek 1921-nji ýylyň Mejlisiň açylmagyndan 1 ýyl soň entek respublika yglan edilmänkä “Zähmetkeş zenanlar” güni hökmünde bellenilip geçilmäge başlanýar. 1975-nji ýyldan soň Bütin dünýä aýal gyzlar gününiň bellenilip geçilmegi baradaky işler ýaýbaňlanýar. 1990-njy ýyllardan soň zenan guramalarynyň sanynyň köpelmegi bilen birlikde 8-nji mart dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilmäge başlanýar.
Taryhyň dowamynda türk zenany jemgyýetiň her bir ugrunda erkekleriň ýanynda ähli jogapkärçiliklerini paýlaşan, esasan hem Milli Azat edijilik söweşiniň her bir tapgyrynda bu mukaddes söweşe goldaw berendir. Osmanlydan biziň günlerimize çenli bu köpdürliligi we gymmatlygy başdan geçiren Türkiýe Respublikasynda zenanlar erkekler bilen birlikde sosial-medeni, syýasy taryhyň ösmegine uly goşant goşandyr.
Türk zenany birnäçe hukuga Respublika döwründe Atatürkiň eden tagallasy we öňbaşçylygy netijesinde döwrebap hökmünde bilinýän ýurtlardaky jynsdaşlaryndan has ir eýe bolýar. 1926-njy ýylyň 17-nwi fewralynda kabul edilen Türkiýäniň Medeni kanuny bilen zenana birnäçe hukuk berilýär.
Türk zenanlary respublika we demokratiýa bilen birlikde hukuklarynyň esasy bölegine eýe bolýar.
“Dünýäde gören ähli zadymyz zenanyň eseridir” diýen Atatürkiň goldaw bermeginde türk zenanlary beýleki birnäçe ýurtdaky jynsdaşlaryna görä uly öňe gidişlik edendir.

Bütin dünýä aýal gyzlar gününde şu günki günde hem ilki başlarda bolşy ýaly zenanlaryň deň hukuklygy üçin, garaşsyzlygy üçin, syýasy haksyzlyklaryň ortadan aýrylmagy üçin, has eşretli durmuşda ýaşamaklary üçin tagalla edilýär. Zenan jemgyýeti emele getirýän esasy halkadyr. Zenanlaryň ýer almadyk, zenany ýok hasap edýän jemgyýet medeni taýdan ösen jemgyýet hökmünde kabul edilip bilinmez.
Zenan jemgyýetde ýer alýan bolsa şol jemgyýet medenidir.
Zenan jemgyýetde ýer alýan bolsa şol jemgyýet ösendir.
Zenan jemgyýetde ýer alýan bolsa şol jemgyýet kämildir.
Zenanyň hak-hukuklary adam hukuklaryndan aýry hasaplanyp bilinmez.

Zenanlaryň talaplaryna laýyklykda başlan we henizem dowam edýän göreşde dünýäde we Türkiýede zenan hak-hukuklarynyň ýokarlandyrylmagy taýdan uly öňe gidişlik edilendir. Emma asla ýeterlik derejede däldir. Gynansakda dünýäde birnäçe ýurtda zenanlar uly zuluma, basyşa sezewar bolýar. Geçirlen ylmy barlaglara görä dünýäde her 3 zenandan biri durmuşynda iň azyndan maşgalasynda zuluma sezewar bolýar. Dünýade zenanlar zuluma sezewar bolmaga dowam edýär emma zenana zulum edene iň az jeza berilýär.
Dünýäde 15-45 ýaşyň aralygynda zenanlar hassalyk ýada ýol heläkçiligi sebäpli däl eýsem erkeklerden taýak iýendigi sebäpli ýogalýar ýada şikesli ýagdaýyna gelýär.
BMG tarapyndan geçirlen ylmy barlaga görä dünýädäki işleriň 66 göterimi zenanlar tarapyndan ýerine ýetirilýär. Muňa garamazdan zenanlar dünýäde jemi girdejiniň diňe 10 göterimine eýe. Dünýädäki ähli emläkleriň diňe 1 göterimi zenanlara degişli.
Dünýäniň çar tarapyndan başdan geçirilýän söweşlerde iň köp ýitgi çekýänler ýene-de zenanlar. Öýsüz-öwzarsyz galyp, göçmäge mejbur bolan, söýen ýaryny ýitiren, ar-namysyna alada bildiren, hem ene hem-de ata rolyny öz üstüne alyp agyr ýagdaýda jebir jepa çekmäge mejbur bolan ýene-de zenanlardyr.
Bütin dünýä aýal gyzlar günü dünýäde we Türkiýede zenanlaryň başdan geçirýän kynçylyklarynyň gün tertibine getirilmegi, ara alnyp maslahatlaşylmagy taýdan diýseň möhüm gün.
Dünýädäki ahli aýal gyzlary, eneleri baýramçylyklary bilen mähirli gutlaýarys. Olara agzibirlik, bagt we rowaçlyk arzuw edýäris.

 



Etiketkalar:

Degişli Habarlar