Günbatar, yslam we musulmanlar baradaky analizler

“Şarli ebdo” jurnalyna guralan hüjümden soň yslam we musulmanlar ýaly günbatar hem-de günbatarlylar barada diskussiýa gidýär.

213620
Günbatar, yslam we musulmanlar baradaky analizler

Adamlar dünýä adalgalary boýunça düşünýärler we şoňa görä hem analiz berýärler. Berilýän analizler, adalgalara berilýän gymmatlyga laýyklykda oňyn ýa-da ýaramaz bolýar. Şol analizler sebäpli ýüze çykýan netijeler käte hakykysyndan tapawutly ýa-da ýerliksiz täsirleri ýüze çykarýar. Bu barasynda köp sanly mysal getirmek mümkin. Emma şolaryň arasynda soňky hepdelerde ýa-da ýyllarda öňe saýlanýanlary günbatar, yslam we musulmanlar baradaky analizler. Şolaryň her birini özbaşdak seljermek ýerlikli bolar. Emma biz günbatar adalgasy barada durup geçmek isleýäris. Eýsem “Şarli ebdo” jurnalyna guralan hüjümden soň yslam we musulmanlar ýaly günbatar hem-de günbatarlylar barada diskussiýa gidýär. Bu diňe hüjümiň Parijde guralmagyndan däl, şol bir wagtda-da musulman ýurtlarda günbatar barasynda berilýän oňyn-ýaramaz analizler sebäpli.
Günbatar baradaky analizlerde umuman günbatarlylaryň kolonolialist, imperialist, hüjümçi we ýumuryjy taryhy hem-de syýasatlary ýerlikli ýagdaýda öňe saýlanýar. Eýsem günbatar ýurtlary 20-njy asyra çenli Aziýany, Afrikany we Latyn Amerikany wagşylyk bilen eksplatirlediler. Şol eksplatirlemek dünýäniň köp sanly sebitini ykdysady, harby we syýasy taýdan çökgünlige sezewar etdi. 20-nji asyrda bolsa Ýewropada ýüze çykan rasizm, faşizm, nasiszm we kommunizm ýaly ideologiýalar jahan uruşlarynyň turmagyna sebäp bolup, Sowuk urşuň dowamynda dünýäni ideologik lagerlere böldi. Ahyrynda 21-nji asyryň başlarynda Owganystanda, Yrakda, Palestinada we beýleki ýerlerde harby basybalyjykly operasiýalar geçirildi. Soňky ýyllarda ösýän islamafobiýa, Ýewropanyň täze görnüşli “sosiologik” rasizmi ýa-da diskriminasion meselesi hökmünde görlüp bilner.
Emma günbatar adalgasynyň ilki bilen Ýewropa we Amerika hökmünde iki kontinenti beýan edýändigini nygtap geçmek ýerlikli bolar. Bu kesgitleme diňe geografiki taýdan däl, eýsem şol bir wagtda-da soňky ýarym asyrda alyp baran daşary syýasatlary taýdan hem möhüm. Günbatarda bir tarapda gödek güýje, harby usullara we basybalyjylyga esaslanýan “imperiýa modeli” beýleki tarapda-da diplomatiýa, hukuky we ykdysady hyzmatdaşlygy ilerde tutýan “utgaşyklyk modeli” bar. “İmperiýa modeli” mysal üçin Täze konserwartorlaryň häkimiýetindäki ABŞ Owganystanda we Yrakda bolşy ýaly Ýakyn Gündogary zor bilen özgertmäge synanşýan bolsa, “utgaşyklyk modeli” mysal üçin ÝB-niň edişi ýaly isleýän ýurtlaryny diplomatik we ykdysady usullar bilen özgertmäge synanşýar. Birinjisi bir taraply we diýseň awtoritar çemeleşme bolýan bolsa, ikinjisi dialogy hem-de konsensusy ýola goýmagy nazarda tutýan demokratik çemeleşme. Birinjisinde degişli tarapyň sözüne gulak asylmaýan bolsa, ikinjisinde degişli taraplaryň göwnejaý garaýyşlary bilen iki taraply gatnaşyk tapgyry dowam edýär.
Utgaşyklyk modeli hem maksat hem-de usul taýdan ýaşaýyş durmuşyny ösdürmek maksady bilen ýaramaz şertleri düzetmegi göz öňünde tutýar. Demokratiýa, adam hukuklary, plýuralizm ýaly gymmatlylary ileri tutýar we şol ugurdaky özgerlişikleri medeni şertlerde amal edýär. Emma imperiýa modeli duşmany bilen aragatnaşyk saklmazdan we medeni gatnaşyklary äsgermezden gözegçilik astyna almak isleýär.
Günbatar adalgasy bilen bagly beýleki bir husus ÝB bilen Ýewropa döwletleriniň arasyndaky tapawut. İlki Ýewropa bilen ÝB-niň şolbir zat bolmandygyny nygtamak ýerlikli bolar. ÝB, Ýewropa ýurtlarynyň guramasy hem bolsa, özüne degişli kanuny şahsyýeti, döwletlerüsti ideýasy, gymmatlyklary we tejribeleri bar. ÝB, Ýewropa ýurtlarynyň realsyýasy ýaramazlyklaryny, meselelerini we kemçiliklerini, idealist-liberal pelsepäniň we gymmatlyklaryň çäginde çözmek üçin döredildi. Şol jähtden ÝB Ýewropa ýurtlaryny gönükdiriji güýje eýe. Şol sebäpli mysal üçin Fransiýanyň ýa-da Germaniýanyň içeri we daşary syýasatlary bilen ÝB-niň syýasatlarynyň tankyt edilmegi ýalňyş bolar. Fransiýa, Germaniýa ýa-da ÝB-ne agza haýsydyr bir ýurduň içeri we daşary syýasatlary ÝB-niň pelsepesine we maksatlaryna wekilçilik etmeýär. ÝB-ne doly agza bolmak isleýän dalaşgärler Fransiýa ýa-da Germaniýa däl, eýsem ÝB-ne agza bolýar. Elbetde şol guramada Fransiýanyň we Germaniýanyň uly täsiri bar. Emma ÝB-niň halklarüsti özboluşlygy şolardan has ýokary güýje hem-de täsire eýe.
Şol sebäpli ÝB-niň içinde tapawutly medeniýetleriň, halklaryň ha-tda medeniýetleriň bilelikde ýaşamagy mümkin bolýan bolsa, imperiýa modelinde ol mümkin däl ýaly görünýär. Bilelikde ýaşama pelsepesiniň plýuralizmi, durnuklylygy we parahatçylygy ýaýbaňlandyrma potensiýalynyň bardygy üçin, tapawutly adamlaryň we medeniýetleriň arkalaşygyny üpjün edip biler. ÝB tejribesi şol potensiala eýe. Nobel parahatçylyk baýragynyň eýesi bolan ÝB-niň gymmatlygy ine şol ýerde gözbaş alýar. Şol gymmatlyk tejribe bilen delillenýär. Ýewropada taryhynyň iň uzak parahatçylykly döwrüni açdy.
Beýleki tarapdan ÝB-niň musulman ýurtlary bilen barlyşygy güýçlendirmek maksady hem bar. Onuň başynda bolsa Türkiýäniň agzalygy durýar. Türkiýe ÝB-ne doly agzalyk üçin gepleşik alyp barýan ýurt.
ÝB-niň öňünde durýan mesele, utgaşyklyk modelini hem agza döwletleriň başgalaryndan hem-de yslamafobiýa ýaly sosial-medeni duzaklardan çetde saklap bilmeklikden ybarat. Eger onuň hötdesinden gelip bilse pozisiýasyny güýçlendirer, hötdesinden gelip bilmese bolsa pozisiýasy gowşar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar