Türk çaýynyň 4 aýlyk eksport girdejisi 10,4 million dollardan geçdi

Türkiyäniň 2024-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlary aralygynda amala aşyrylan çaý eksportyndan alan girdejisi 10 million 461 müň 225 dollara ýetdi

2138866
Türk çaýynyň 4 aýlyk eksport girdejisi 10,4 million dollardan geçdi

Gündogar Gara deňiz Eksportçylar bileleşiginiň Dolanşyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary we Çaý pudagy komitetiniň başlygy Şaban Turgut, ýylyň ilkinji 4 aýynda Türkiyeden 102 ýurda, awtonom we erkin söwda zolagyna çaý satylandygyny habar berdi.

Ady agzalan döwürde 2 müň 219 tonna çaý eksport edilip, 10 million 461 müň 225 dollar girdeji alynandygyny aýdan Şaban Turgut, Belgiýa, Beýik Britaniýa we ABŞ döwletleriniň iň köp çaý eksport edilen 3 ýurt bolandygyny mälim etdi. 


Etiketkalar: #Türkiye , #eksport , #çaý

Degişli Habarlar