Senagat Önümçiliginiň Ösüşi Dowam Edýär

Türkiýede senagatdaky önümçilik ösüşi 10 aýdan bäri dowam edýär.

2126048
Senagat Önümçiliginiň Ösüşi Dowam Edýär

Türkiýäniň Hasabat guramasy senagat önümçilik indeksiniň görkezijilerini çap etdi.

Ösüşiň esasy görkezijilerinden biri bolan senagatda önümçilik ösüşi fewral aýynda-da dowam etdi.

Ýyllyk möçberde 11,5 göterim ösüş bilen 2023-nji ýylyň aprel aýyndan bäri ýokarlama depgini dowam edýär.

Önümçilik indeksi fewral aýynda ýyllyk möçberde magdançylyk we daş-kömür känlerinde 12,8 göterim ýokarlady.

Önümçilik senagatyndaky ösüş bolsa 11,9 göterime deň boldy.

Fewral aýynda senagat önümçiligi aýlyk möçberde 3,2 göterim ösüş etdi.



Degişli Habarlar