Çaý Eksporty 85 Göterim Artdy

Çaý eksportunda, Belgiýa, ABŞ we Britaniýa esasy orun eýeledi

2111703
Çaý Eksporty 85 Göterim Artdy

Türkiýeden üstümizdäki ýylyň ýanwar-fewral aýlaryny öz içine alýan döwürde 85 ýurda türk çaýy eksport edildi.

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň dolanşygynyň geňeşiniň başlygynyň orunbasary we Çaý pudagy komitetiniň başlygy Şaban Turgut, Türkiýeden 85 ýurda we erkin söwda zolagynda çaý eksport edendiklerini aýtdy.

Turgut, çaý eksportynyň üstümizdäki ýylyň ýanwar-fewral aýlaryny öz içine alýan döwürde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 85 göterim artandygyny belledi.

Ýanwar-fewral aýlarynda 1347 tonna çaýyň eksport edilip 6 million 63 müň 44 dollarlyk girdeji gazanylandygyny aýdan Turgut, çaý eksportunda, Belgiýanyň, ABŞ-nyň we Britaniýanyň esasy orun eýeländigini nygtady.

Ady agzalýan döwürde Belgiýa 2 million 825 müň 932, ABŞ-na 637 müň 645 we Britaniýa hem 501 müň 389 dollarlyk çaý satyldy.

 


Etiketkalar: #girdeji , #eksport , #çaý

Degişli Habarlar