Türkiýäniň Sitrus Önümleriniň Eksporty Artdy

Sitrus önümleriniň eksportundan alynýan girdeji 2023-nji ýylda 1 milliard dollardan geçdi.

2105901
Türkiýäniň Sitrus Önümleriniň Eksporty Artdy

Ege eksportçy bileleşikleriniň beýan etmegine görä geçen ýyl sitrus önümleriniň eksporty öňki ýyl bilen deňeşdirilende 23 göterim ýokarlady.

Ege ter miwe we gök önümleriniň eksportçularynyň Bileleşiginiň Başlygy Harettin Uçak, Türkiýaniň 2023-nji ýylda 3,5 milliard dollara barabar ter miwe we bakja önümlerini amala aşyrandygyny beýan etdi.

Sitrus önümleriniň eksportunda Russiýa Federasiýasy 428 million dollar bilen birinji orunda durýan bolsa, ikinji orny eýeleýän Yraga edilýän eksport 165 göterim artyp, 181,5 million dollara ýetdi. Ukraina bolsa 101 million dollar bilen üçünji orunda durýar.



Degişli Habarlar