Türkiýeden 112 Ýurda Awtoulag Eksport Edildi

eksport, 2023-nji ýylda 19.40 göterim artyp 11 milliard 62 million 802 müň dollara barabar boldy.

2088101
Türkiýeden 112 Ýurda Awtoulag Eksport Edildi

Uludag awtoulag eksportçy bileleşigine görä, 2023-nji ýylda 112 ýurda awtoulag eksport edildi.

Awtoulag eksporty 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 19 göterim artdy.

2022-nji ýylda 9 milliard 264 million 786 müň dollara barabar bolan eksport, 2023-nji ýylda 19.40 göterim artyp 11 milliard 62 million 802 müň dollara barabar boldy.

Awtoulag eksportynda Ýewropa ýurtlary esasy orun eýeledi.

2023-nji ýylda Fransiýa 2 milliard 144 million 860 müň dollarlyk awtoulag eksport edildi.

Fransiýadan soň sanawda 1 milliard 154 million 329 müň dollar bilen Italiýa ikinji, 1 milliard 142 million 98 müň dollar bilen Ispaniýa bolsa üçünji orny eýeledi.


Etiketkalar: #girdeji , #eksport , #awtoulag

Degişli Habarlar