Haly Eksporty 2 Milliard 752 Million 647 Müň Dollara Barabar Boldy

2023-nji ýylda 180 ýurda we erkin söwda zolagyna 612 million 194 müň inedördül metrlik haly satyldy

2085802
Haly Eksporty 2 Milliard 752 Million 647 Müň Dollara Barabar Boldy

Türk halyçylary geçen ýyl 612 million 194 müň inedördül metrlik haly eksport edip, 2 milliard 752 million 647 müň dollarlyk girdeji gazandy.

Günorta gündogar Anadoly eksportçylar bileleşiginiň görkezijilerine görä, 2023-nji ýylda 180 ýurda we erkin söwda zolagyna 612 million 194 müň inedördül metrlik haly satyldy.

Türk halyçylary şol eksportdan 2 milliard 752 million 647 müň dollarlyk girdeji gazandy.

Haly eksportunda 773 million 20 müň dollar bilen ABŞ birinji orny eýeledi.

ABŞ-dan soň haly eksportunda 269 million 858 müň dollar bilen Saud Arabystany ikinji, 194 million 889 müň dollar bilen Yrak üçünji we 178 million 765 müň dollar bilen Britaniýa hem dördünji orny eýeledi.

 

 


Etiketkalar: #girdeji , #eksport , #haly

Degişli Habarlar