Türk Balyk Eksporty 41 Göterim Ýokarlady

Türk gyzylbalygynyň eksporty 41 göterim ýokarlap, 144,6 million dollara barabar boldy.

2073241
Türk Balyk Eksporty 41 Göterim Ýokarlady

Gündogar Garadeňiz eksportçylar bileleşiginiň Dolandyryjylar geňeşiniň Başlygy Saffet Kalýonju 21 ýurda 24,103 tonna türk gyzylbalygynyň eksport edilendigini aýtdy.

Şol eksportda 144, 6 million dollarlyk girdeji alynandygyny beýan eden Kalýonju, eksportuň mukdar taýdan 68, hümmet taýdan bolsa 41 göterim ýokarlandygyny mälim etdi.

Kalýonju türk gyzylbalygynyň eksportunda Russiýa Federasiýasynyň başda durýandygyna ünsi çekip; “Sebitimizden 11 aýda 21 ýurda eksport edildi. Russiýa Federasiýasy, Wiýetnam we Belarus  esasy eksport edilen ýurtlar boldy” diýdi.



Degişli Habarlar