Gündogar Gara deňizde ary baly eksporty artdy

Sebitden şu ýylyň ilkinji 10 aýynda 874 tonna ary baly eksport edildi

2068942
Gündogar Gara deňizde ary baly eksporty artdy

Türkiyäniň Gündogar Deňiz sebitinden şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda edilen ary baly eksporty geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 81 göterim artyp, 2 million 513 müň 142 dollara ýetdi. 

Sebitden şu ýylyň ilkinji 10 aýynda 874 tonna ary baly eksport edildi. 

Ady agzalan eksportdan 2 million 513 müň 142 dollar girdeji alyndy. 

Sebitden geçen ýyl amala aşyrylan 585 tonna ary baly eksportyndan 1 million 391 müň 702 dollar girdeji alynypdy. Şeýlelik bilen ary baly eksporty mukdar boýunça 49 göterim, gymmatlygy taýdan bolsa 81 göterim artdy. 

Türkiyäniň Gündogar Deňiz sebitinden şu ýylyň ilkinji 10 aýynda dünýäniň 13 ýurduna ary baly satyldy. 

ABŞ, Ysraýyl we Saud Arabystany döwletleri şol sanawyň ilkinjileriniň hatarynda boldy. 



Degişli Habarlar