Türkiyäniň Deňiz önümleri eksporty artdy

Türkiyäniň Deňiz önümleri eksporty şu ýylyň ilkinji 10 aýynda 1,4 milliard dollara ýetdi

2063480
Türkiyäniň Deňiz önümleri eksporty artdy

Türkiyäniň Deňiz önümleri eksporty 2023-nji ýylyň ilkinji 10 aýynda, 1 milliard 404 million dollara ýetdi. 

Egeý eksportçylar bileleşiginden berilen beýanatda, deňiz önümleriniň eksportynda lawrak balygy 435 million dollarlyk bölegi bilen öňdäki orny eýelän bolsa, altyn spar balygy eskportynyň 353 million dollar, losos balygynyň eksportynyň 315 million dollar, forel balygynyň eksportynyň 96 million dollar bolandygy habar berildi. 

Lawrak balygynyň 73 göteriminiň, altyn spar balygynyň 78 göteriminiň täze görnüşde eksport edilendigi, losos balygynyň 74 göteriminiň eksportynyň bolsa doňdurylan görnüşde amala aşyrylandygy aýan edildi. 


Etiketkalar: #balyk , #eksport , #Türkiye

Degişli Habarlar