Balykgulak Eksporty 67 Göterim Artdy

Balykgulak eksporty 14 million 419 müň 13 dollara barabar boldy.

2058411
Balykgulak Eksporty 67 Göterim Artdy

Türkiýeden üstümizdäki ýylyň ilkinji 9 aýlyk döwründe 9 ýurda balykgulak eksport edildi.

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň görkezijilerine görä, balykgulak eksporty ýanwar-sentýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde 67 göterim artyp 14 million 419 müň 13 dollara barabar boldy.

Geçen ýylyň 9 aýlyk döwründe 8 million 627 müň 19 dollarlyk balykgulak eksport edilipdi.

Eksport edilen balykgulagyň mukdary hem 1136 tonnadan 1326 tonna ýetdi.

9 aýda Günorta Koreýa, Hytaý Halk Respublikasyna, Ýaponiýa, Ispaniýa, Ukrainana, Gruziýa, Taýwana, Ruminiýa we Azerbaýjana balykgulak eksport edildi.

Günorta Koreýa eksportda 6 million 949 müň 27 dollar bilen birinji orny eýeledi.

 


Etiketkalar: #tonna , #eksport , #balykgulak

Degişli Habarlar