Söwda ministri ykdysady görkezijiler barada beýannama berdi
Türkiyäniň Söwda ministri Ömer Bolat: "Iýul, awgust we sentýabr aýlarynda iň ýokary görkezijili aýlara eýe boldyk. Nesip bolsa oktýabr aýynda hem gowy görkezijilere eýe bolarys, gündelik görkezijiler bizi umytlandyrýar" diýip belledi
2055838
Türkiyäniň Söwda ministri Ömer Bolat Stambulda geçirilen çäreleriň birinde eden çykyşynda: "2023-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda eksportymyz 187,5 milliard dollara ýetdi, iýul aýyndan bäri eksportymyz ýaňadandan artmaga başlady. Iýul, awgust we sentýabr aýlarynda iň ýokary görkezijili aýlara eýe boldyk. Nesip bolsa oktýabr aýynda hem gowy görkezijilere eýe bolarys, gündelik görkezijiler bizi umytlandyrýar" diýip habar berdi.
Degişli Habarlar
Türkiyä ýylyň ilkinji çärýeginde gelen halkara gönüden maýa goýumlar 1,5 milliard dollar boldy
Türkiyä gelen halkara gönüden maýa goýumlar şu ýylyň ilkinji çärýeginde 1,5 milliard dollar boldy