Nýu-Ýorkda Maýa Goýum Bankedi Geçirildi

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän Türk öýünde maýa goýum bankedi geçirildi.

2042376
Nýu-Ýorkda Maýa Goýum Bankedi Geçirildi
turkevi yatirim resepsiyonu.jpg
bekir polat.jpg
reyhan ozgur.jpg

Türk öýünde geçirilen çärä türk we amerikaly resmileriň ýany bilen maýadarlar we işewürler gatnaşdylar.

Türkiýäniň Nýu-Ýorkdaky Başkonsuly Reýhan Özgür çärede sözlän sözünde Türk öýünde köp sanly medeni we diplomatik çäräniň geçirilýändigine üns çekip, geçen hepde BMG-niň Sessiýasy mynasybetli birnäçe duşuşygyň guralandygyny ýatlatdy.

Özgür, Prezident R.T.Erdoganyň liderlik etmeginde uly wekiliýetiň maýadarlar bilen duşuşyklar geçirendigini, şu günki çäräniň bolsa duşuşyklaryň netijelerini seljermek üçin şert döredendigini beýan etdi.

Prezidentiň ýanyndaky Maýa goýum ofisinin başlygynyň orunbasary Belir Polat hem Türkiýäniň ykdysadyýetiniň 2003-nji ýyldan bäri ýylda 5,4 göterim ösüş edip, ünsleri özüne çekendigini aýtdy.

Polat Türkiýäniň geostrategik ýerleşişi, ösen önümçilik ukyby, halkara erkin söwda torlary we hünärmen el güýji bilen halkara firmalar üçin üpjünçilik zynjyrynyň çeýeligi we diwersifikasiýasy boýunça ynamdar hyzmatdaşdygyny aýtdy.

“Citigroup International Franshise” kompaniýasynyň Baş müdiri Andreý Kurilin bolsa “Citigroup” bilen bilelikde ençeme Amerikan firmasynyň Türkiýäni sebitleýin utgaşyklyk üçin baza hökmünde saýlap alandygyny beýan etdi.

Türkiýäniň Ýewropanyň we Aziýanyň ortasyndaki geografik ýerleşişiniň ähmiýetine ünsi çeken Kurilin, ýurduň ýaş we saýlama ilaty bilen hem öňe saýlanýandygyny gürrüň berdi.



Degişli Habarlar