Türkiýäniň Çaý Eksporty 22 Göterim Artdy

Çaý eksportundan 18 million 493 müň dollarlyk girdeji gazanyldy

2039370
Türkiýäniň Çaý Eksporty 22 Göterim Artdy

Türkiýäniň çaý eksporty ýanwar-awgust aýlaryny öz içine alýan döwürde 22 göterim artyp 18 million 493 müň dollara barabar boldy.

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň dolanşyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmet Hamdi Gürdogan, 8 aýda 3 müň 832 tonna çaýyň eksport edilendigini aýtdy.

Çaý eksportundan 18 million 493 müň dollarlyk girdeji gazanylandygyny aýdan Gürdogan, eksportyň geçen ýylyň 8 aýlyk döwrü bilen deňeşdirilende 22 göterim artandygyny ýatlatdy.

Gündogan Belgiýanyň, ABŞ-nyň we Britaniýanyň çaý eksportunda esasy orun eýeländigini belledi.


Etiketkalar: #girdeji , #eksport , #çaý

Degişli Habarlar