Ministr Kajyr Günorta Koreýada, Türkiýäniň Maýa Goýum Mümkinçiliklerini Tanyşdyrdy

Ministr Kajyr, Seulda möhüm duşuşyklar geçirendigini mälim etdi.

2036121
Ministr Kajyr Günorta Koreýada, Türkiýäniň Maýa Goýum Mümkinçiliklerini Tanyşdyrdy

 

Senagat we tehnalogiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr, Günorta Koreýada Hyundai, LG Electronics we Samsung firmasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, Türkiýäniň maýa goýum mümkinçilikleri hakynda maglumat berdi.

Ministr Kajyr, sosial mediadan beren habarnamasynda Günorta Koreýa guran iş saparynyň çäginde paýtagt Seulda möhüm duşuşyklar geçirendigini mälim etdi.

Güýçli senagat infrastrukturasy, eksport mümkinçiligi we iş güýji bilen Türkiýäniň tehnalogiýa maýa goýumlary üçin uly mümkinçilige eýedigini nygtan Kajyr, “Syýasy we ykdysady durnuklylyk, markalaryň Türkiýä bolan gyzyklanmasyny artdyrýar. Ýokary tehnalogiýa eýe bolan enjamlaryň önümçiligini we eksportymyzy artdyrmak üçin halkara maýadarlaryň ýurdumyzda maýa goýmagyny maksat edinýäris” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar