Türkiyäniň deňiz balykgulak eksporty artdy

Türkiyeden ýanwar-iýul aýlary aralygynda amala aşyrylan deňiz balykgulak eksporty, 100 göterim artyp, 9 million 765 müň 9 dollara ýetdi

2025418
Türkiyäniň deňiz balykgulak eksporty artdy

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň Dolanşyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmet Hamdi Gürdogan, Türkiyeden ýylyň ilkinji 7 aýynda 935 tonnalyk deňiz balykgulak eksportynyň amala aşyrylandygyny habar berdi. 

Ahmet Hamdi Gürdogan ady agzalan mukdardan 9 million 765 müň 9 dollara girdeji alynandygyny mälim etdi. 

Gürdogan Türkiyeden iň köp deňiz balykgulagyň 4 million 184 müň 235 dollar bilen Günorta Koreýa Respublikasyna eksport edilendigini belläp: "Şol ýurtdan soň 2 million 277 müň 369 dollarlyk Hytaý Halk Respublikasyna, 1 million 535 müň 4 dollarlyk Ýaponiýa, 1 million 452 müň 435 dollarlyk Ispaniýa, 308 müň 522 dollarlyk Taýwana, 4 müň 794 dollarlyk Gruziýa we 2 müň 650 dollarlyk Azerbaýjan-Nahiçewana balykgulak eksport edildi" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #eksport , #balykgulak , #Türkiye

Degişli Habarlar