Türkiyäniň Saud Arabystanyna eksporty artdy

Türkiyäniň Saud Arabystanyna eksporty şu ýylyň ýanwar-iýul aýlary aralygynda 1,2 milliard dollardan geçdi

2022501
Türkiyäniň Saud Arabystanyna eksporty artdy

Saud Arabystany bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagy bilen iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklary gowulaşmaga dowam edýär. 

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň geçen aý Saud Arabystanyna guran saparynyň çäginde, Türkiyäniň we Saud Arabystanynyň wekiliýetleriniň arasynda 5 täze ylalaşyk resminamasyna gol çekdi. 

Türkiyäniň Saud Arabystanyna eksporty ýylyň ilkinji 7 aýynda 630 göterim artyp, 1 milliard 256 million dollara ýetdi.

Saud Arabystany şeýlelik bilen Türkiyäniň iň köp eksport amala aşyran 25-nji ýurt boldy. 

Saud Arabystanyna iň köp eksport haly pudagynda amala aşyryldy. 



Degişli Habarlar